Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:12

[1] Ýehoýakymyň patyşalyk eden döwründe Babyl patyşasy Nebukadnesar onuň üstüne hüjüm etdi. Ýehoýakym üç ýyllap Babyl patyşasynyň hyzmatkäri bolsa-da, onuň garşysyna gozgalaň turuzdy.

[2] Reb Öz gullary pygamberler arkaly aýdan sözüne görä, Ýahudanyň halkynyň baryny gyrdyrmak üçin babyllylaryň, siriýalylaryň, mowaplylaryň we ammonlylaryň goşunlaryny olaryň üstüne iberdi.

[3] Hakykatdan-da, Rebbiň emri bilen ýahuda halkynyň başyna külpet indi. Manaşanyň bar eden günäleri we pis işleri hem-de onuň döken bigünä gany üçin Reb ýahuda halkyny huzuryndan kowmakçy boldy. Manaşanyň Iýerusalimi bigünä gandan doldurandygy zerarly Reb onuň günäsini geçmek islemedi.

[5] Ýehoýakymyň patyşalygy baradaky beýleki wakalar we onuň ähli eden işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[6] Şeýdip, Ýehoýakym ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Ýehoýakyn onuň ýerine patyşa boldy.

[7] Müsür patyşasy öz ýurdundan çykmady, çünki Babyl patyşasy Müsür serhedinden Ýewfrat derýasyna çenli oňa degişli bolan ýerleriň baryny basyp alypdy.

[8] Ýehoýakyn patyşa bolanda on sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde üç aý patyşalyk etdi. Onuň ejesi Nehuşta iýerusalimli Elnatanyň gyzydy.

[9] Ýehoýakyn edil kakasy Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

[10] Şol döwürde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň goşunlary Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar.

[11] Leşgerleri şäheriň daşyny gabawda saklap ýörkäler, Nebukadnesar Iýerusalime geldi.

[12] Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy.

[13] Rebbiň aýdyşy ýaly, Babyl patyşasy Rebbiň öýündäki we patyşanyň öýündäki hazynalaryň baryny alyp gitdi. Ol Ysraýyl patyşasy Süleýmanyň Rebbiň öýünde ýasan ähli altyn gap-gaçlaryny kül-peýekun etdi.

[14] Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady.

[15] Nebukadnesar patyşa Ýehoýakyny we patyşanyň ejesini, onuň aýallaryny we emeldarlaryny, ýurduň baştutanlaryny Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi.

[16] Babyl patyşasy ýedi müň sany söweşijileri, müň sany hünärmentlerdir demirçi ussalary Babyla getirdi. Olaryň bary-da güýçli we urşa ukyply adamlardy.

[17] Babyl patyşasy Ýehoýakynyň ýerine agasy Matanýany patyşa edip, adyny üýtgedip, ony Sidkiýa diýip atlandyrdy.

[18] Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.

[19] Sidkiýa hem Ýehoýakym ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

[20] Rebbiň Iýerusalime we Ýahuda halklaryna garşy bolan gahary tutaşýardy. Ol şonuň üçin olary Öz huzuryndan kowdy. Sidkiýa Babyl patyşasyna garşy uruş turuzdy.

2 Patyşalar — Chapters