[1] Benýaminiň bäş ogly bardy. Nowbahar ogly Bala, ikinjisi Aşbel, üçünjisi Ahara,
[2] dördünjisi Noha, bäşinjisi Rapady.
[3] Balanyň ogullary: Adar, Gera, Abyhut,
[4] Abyşuwa, Nagaman, Ahowa,
[5] Gera, Şefufan we Huram.
[6] Ehudyň nesilleri Nagaman, Ahyýa we Gerady. Olar Geba halkynyň kowumbaşylarydy. Olar kowlup çykarylyp, Manahata ýesir edilip äkidildiler. Uza bilen Ahyhudyň kakasy Gera bulary göçüripdi.
[8] Şaharaýym öz aýallary Huşym bilen Bagarana talagyny bereninden soň, Mowap ýurdunda onuň birnäçe ogly boldy.
[9] Onuň aýaly Hodeşden bolan ogullary şulardyr: Ýobap, Sibýa, Meşa, Malkam,
[10] Ýegus, Sakýa we Mirma. Olar kowumbaşydylar.
[11] Şaharaýymyň Huşymdan Abytup hem-de Elpagal diýen ogullary boldy.
[12] Elpagalyň ogullary: Eber, Mişgam, Onony hem-de galalary bilen bile Lody guran Şemet,
[13] Beriga, Şema – bu ikisi Aýalonyň ilatynyň kowumbaşylarydylar; olar Gatyň ilatyny kowup çykardylar;
[14] Beriganyň ogullary şulardyr: Ahýo, Şaşak we Ýeremot,
[15] Zebadýa, Arat, Eder,
[16] Mikaýyl, Ýyşpa we Ýoha – bular Beriganyň ogullarydyr.
[17] Zebadýa, Meşullam, Hizki, Heber,
[18] Ýişmeraý, Ýizliýa we Ýobap – bular Elpagalyň ogullarydyr.
[19] Ýakym, Zikri, Zabdy,
[20] Eligenaý, Silletaý, Eliýel,
[21] Adaýa, Beraýa we Şimrat – bular Şimginiň ogullarydyr.
[22] Ýişpan, Eber, Eliýel,
[23] Abdon, Zikri, Hanan,
[24] Hananýa, Eýlam, Antotyýa,
[25] Ýipdeýa we Penuwal – bular Şaşagyň ogullarydyr.
[26] Şamşeraý, Şeharýa, Atalýa,
[27] Ýagareşýa, Eliýa we Zikri – bular Ýerohamyň ogullarydyr.
[28] Bular nesil daragtyna görä kowumbaşylardyr. Olar Iýerusalimde ýaşadylar.
[29] Gibgony esaslandyran adam şol galada ýaşady; onuň aýalynyň ady Magakady.
[30] Abdon olaryň nowbahar ogludy, onsoň Sur, Kiş, Bagal, Ner, Nadap,
[31] Gedor, Ahýo, Zeker we Miklotdy.
[32] Miklot Şimganyň kakasydy. Olar hem öz garyndaşlarynyň ýanynda – Iýerusalimde ýaşadylar.
[33] Nerden Kiş, Kişden Şawul, Şawuldan Ýonatan, Malkyşuwa, Abynadap we Eşbagal doguldy.
[34] Ýonatandan Meribagal, Meribagaldan Mika doguldy.
[35] Mikanyň ogullary: Piton, Melek, Taryýa we Ahaz.
[36] Ahazdan Ýehogada, Ýehogadadan Alemet, Azmawet, Zimri, Zimriden Mosa doguldy.
[37] Mosadan Binega, Binegadan Rapa, Rapadan Elgasa, Elgasadan Asel doguldy.
[38] Aseliň Azrykam, Bokeru, Ysmaýyl, Şegarýa, Abadýa we Hanan atly alty ogly bardy. Şularyň hemmesi Aseliň ogullarydyr.
[39] Onuň dogany Ýeşugyň ogullary: nowbahar ogly Ulam, ikinjisi Ýeguş, üçünjisi Elipelet.
[40] Ulamyň ogullary batyr ýigitler we ýaýçylardy; olaryň çagalarydyr agtyklary köpdi. Olaryň jemi bir ýüz ellidi. Şularyň hemmesi benýaminlerdir.