Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:20

[1] Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Gat galasyny hem-de onuň obalaryny piliştlileriň elinden aldy.

[2] Ol mowaplylary ýeňdi. Mowaplylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler.

[3] Soňra Dawut Ýewfrat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.

[4] Dawut onuň müň sany söweş arabasyny, arabaly goşunynyň ýedi müň esgerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.

[5] Damaskda ýaşaýan siriýalylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut siriýalylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.

[6] Dawut Damaskda ýaşaýan siriýalylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Siriýalylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.

[7] Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.

[8] Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.

[9] Hamat şasy Togu Dawudyň Soba şasy Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.

[10] Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.

[11] Dawut bu sowgatlary-da ähli milletlerden: edomlylardan, mowaplylardan, ammonlylardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.

[12] Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi.

[13] Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş berýärdi.

[14] Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.

[15] Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – baş emeldarydy,

[16] Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Abymelek ruhanydylar, Şawşa – kätipdi,

[17] Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters