Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:56

[1] Dawut öz durmuşyndan razy bolup, ogly Süleýmany Ysraýyla patyşa etdi.

[2] Dawut Ysraýylyň ähli ýolbaşçylaryny, ruhanylary hem-de lewileri ýanyna çagyrdy.

[3] Lewileriň otuz we ondan ýokary ýaşlylary hasaba alyndy. Olar jemi otuz sekiz müňdi.

[4] Dawut: «Şolaryň ýigrimi dört müňüsi Rebbiň öýünde hyzmat etmelidirler; alty müňüsi baştutanlar hem kazylar,

[5] dört müňi derwezebanlar, ýene dört müňi meniň öwgi aýtmak üçin ýasan saz gurallarymda Rebbi şöhratlandyrmalydyrlar» diýdi.

[6] Dawut olary Lewiniň Gerşon, Kohat hem-de Merary atly üç ogluna görä toparlara böldi.

[7] Gerşonyň ogullary: Ladan bilen Şimgi.

[8] Ladanyň nesilleri: Ýehiýel nowbahar ogly, Zetam, Ýowel – jemi üç,

[9] Şimginiň nesilleri: Şelomot, Hazyýel, Haran – jemi üç. Bular Ladanyň kowumbaşylarydy.

[10] Şimginiň nesilleri: Ýahat, Zina, Ýeguş, Beriga – jemi dört.

[11] Ýahat başy, Ziza indikisidi, ýöne Ýeguş bilen Beriganyň ogullary köp däldi, şoňa görä-de, olar bir maşgala hasap edilýärdiler.

[12] Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron, Uzyýel – jemi dört.

[13] Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler.

[14] Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.

[15] Musanyň ogullary: Gerşom, Eligezer.

[16] Gerşomyň nesli Şebuwal başy.

[17] Eligezeriň ogly Rehabýa başy. Eligezeriň başga ogly ýokdur, ýöne Rehabýanyň nesilleri juda köpdi.

[18] Ýisharyň nesli Şelomyt başy.

[19] Hebronyň nesilleri Ýeriýa başy, Amarýa indikisi, üçünjisi Ýahazyýal, dördünjisi Ýekamgam.

[20] Uzyýeliň ogullary: uly ogly Mika we ikinjisi Ýişiýa.

[21] Merarynyň ogullary: Mahly, Muşy. Mahlynyň ogullary: Elgazar, Kiş.

[22] Elgazar ogulsyz dünýäden ötdi, onuň diňe gyzlary bardy. Olar Kişiň ogullaryna durmuşa çykdylar.

[23] Muşynyň ogullary: Mahly, Eder, Ýeremot – jemi üç.

[24] Ine, şular lewileriň kowumbaşylarydyr we uruglaryna görä hasaba alnandyr. Olar ýigrimi we ondan ýokary ýaşly bolup, Rebbiň öýüne hyzmat etmelidiler.

[25] Öň Dawut şeýle diýipdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb Öz halkyna dynçlyk berdi; Ol Iýerusalimde müdimilik ýaşaýar.

[26] Şeýlelikde, lewiler Rebbiň çadyryny ýa-da Oňa hyzmat üçin ulanylýan beýleki esbaplary ondan-oňa göçürmezler».

[27] Dawudyň soňky sözlerine görä, lewileriň ýigrimi hem ondan uly ýaşlylarynyň sany şudy.

[28] Lewiler Rebbiň öýüne hyzmat etmek üçin, Harunyň neslinden bolan adamlaryň ýanynda bolup, şu işleri ýerine ýetirmelidiler: howlulara hem-de otaglara seretmek, mukaddes zatlary arassalamak, Hudaýyň öýüniň hyzmatyndaky her bir işe:

[29] hödür çöregine, gurbanlyklar üçin berlen saýlama una, petir kökelere, bişirilen sadakalara, zeýtun ýagyna garylan sadaka, ybadathana ölçegine we möçberine seretmek.

[30] Şeýle hem olar her gün ertir-agşam Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar.

[31] Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ýakma gurbanlyklar berenlerinde, Rebbe şükür edip, öwgüler aýtmalydylar. Olar bu işleri emr edilen düzgünlere görä hemişe Rebbiň huzurynda ýerine ýetirmelidiler.

[32] Rebbe ýüz tutulýan çadyr we mukaddes ýer lewileriň baştutanlygyndady. Olar Rebbiň öýünde hyzmat edýän Harunyň nesillerinden bolan doganlaryna-da esewan bolmalydylar.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters