[1] Derwezebanlaryň bölümleri şulardyr: koralardan Asafyň ogullaryndan bolan Koreniň ogly Meşelemýa.
[2] Meşelemýanyň ogullary: nowbahar ogly Zakarýa, ikinjisi Ýedigaýel, üçünjisi Zebadýa, dördünjisi Ýatnyýel,
[3] bäşinjisi Eýlam, altynjysy Ýehohanan, ýedinjisi Elýogeýnaý.
[4] Obededomyň ogullary: nowbahar ogly Şemagýa, ikinjisi Ýehozabat, üçünjisi Ýowa, dördünjisi Sakar, bäşinjisi Netanel,
[5] altynjysy Emiýel, ýedinjisi Ysakar, sekizinjisi Pegullataý. Obededomy Hudaý ýalkapdy.
[6] Şemagýadan hem birnäçe ogul dünýä indi; başarjaň adamlar bolandyklary üçin, olar öz uruglaryna baş boldular.
[7] Şemagýanyň ogullary: Otny, Repaýyl, Obet, Elzabat; olaryň doganlary Elihu bilen Semakýa hem başarjaň adamlardy.
[8] Obededomyň ogullary, agtyklary hem-de olaryň doganlary hyzmat işine ökde altmyş iki adamdy.
[9] Meşelemýanyň başarjaň ogullarydyr doganlary on sekiz adamdy.
[10] Merary kowumyndan bolan Hosanyň ogullary: baştutan Şimri. Ol nowbahar ogul bolmasa-da, kakasy ony baştutan edipdi.
[11] Ikinjisi Hilkiýa, üçünjisi Tebalýa, dördünjisi Zakarýa. Hosanyň ogullarynyň hem doganlarynyň jemi sany on üçdür.
[12] Ine, kowumbaşylaryna görä derwezebanlaryň bölümleri şulardyr. Olar hem öz doganlary ýaly Rebbiň öýünde hyzmat etmäge borçludylar.
[13] Olar öz kowumlaryna görä uly-kiçä deňlik edip, derwezeleri üçin bije atdylar.
[14] Gündogar tarapdaky derweze Şelemýanyň bijesine düşdi. Onuň ogly parasatly geňeşçi Zakarýa üçin hem bije atyldy; onuň bijesine demirgazyk tarapdaky derweze düşdi.
[15] Obededomyň bijesine günorta tarapdaky derweze, onuň ogullaryna bolsa ammar jaýy düşdi.
[16] Şupym bilen Hosa ikisine günbatar tarapdaky, ýokary galýan ýoldaky Şalleket derwezesi düşdi. Garawulçylyk nobatma-nobat bellenendi.
[17] Gündogar tarapdaky derwezede her gün alty lewi, demirgazyk hem günorta tarapdaky derwezeleriň hersinde her gün dört lewi durýardy, ammar jaýynda bolsa iki-ikiden durýardylar.
[18] Günbatar tarapdaky howluda – ýolda dört adam, howly üçinem iki adam bellenendi.
[19] Şular Kora hem-de Merary kowumlaryndan bolan derwezeban bölümleridi.
[20] Hudaýyň öýüniň hazynalary hem-de berlen sadakalaryň hazynalary beýleki lewileriň garamagyndady.
[21] Gerşonyň ogly Ladanyň neslinden Ýehiýel urugbaşy boldy.
[22] Ýehiýeli, onuň ogullary we doganlary Zetam bilen Ýowel Rebbiň öýüniň hazynalaryna garardylar.
[23] Imramlaryň, ýisharlaryň, hebronlaryň, uzyýelleriň nesillerinden,
[24] Musanyň ogly Gerşomyň neslinden Şebuwal hazynalaryň başlygydy.
[25] Onuň Elgezer tarapdan garyndaşlary şulardyr: Eligezeriň ogly Rehabýa, Rehabýanyň ogly Işaýa, Ýeşagýanyň ogly Ýoram, Ýoramyň ogly Zikri, Zikriniň ogly Şelomyt.
[26] Şelomyt bilen onuň garyndaşlary Dawut patyşa, urugbaşylar, ýüzbaşylardyr müňbaşylar hem-de beýleki goşunbaşylar tarapyndan bagyş edilen hazynalaryň baştutanlary boldular.
[27] Rebbiň öýüni saklamak üçin, olar uruşlarda alnan oljalardan ol ýere sadakalar bererdiler.
[28] Şeýle hem Şamuwel görgür, Kişiň ogly Şawulyň, Neriň ogly Abneriň, Seruýanyň ogly Ýowabyň bagyş eden zatlary, umuman, bagyş edilen zatlaryň ählisi Şelomyt bilen onuň garyndaşlarynyň gözegçiligi astyndady.
[29] Ýisharyň nesillerinden Konanýa hem-de onuň ogullary Ysraýylyň jemgyýetçilik işlerine baştutanlar, kazylar hökmünde bellenipdiler.
[30] Hebronyň nesillerinden Haşabýa hem-de onuň garyndaşlary – başarjaň adamlaryň bir müň ýedi ýüzüsi Iordanyň günbatarynda ýaşaýan ysraýyllaryň Rebbiň ähli hyzmatlaryna hem-de patyşanyň gullugyna bellenipdiler.
[31] Ýeriýa hebronlaryň baştutanydy. Dawudyň patyşalygynyň kyrkynjy ýylynda olaryň nesil daragtlaryna seredildi. Şonda Gilgatdaky Ýazerde hebronlaryň arasyndan edermen adamlar tapyldy.
[32] Olary hem-de olaryň garyndaşlaryny – jemi iki müň ýedi ýüz sany urugbaşylar bolan edermen adamy Dawut patyşa Hudaýyň hem-de patyşanyň işlerini etmek üçin rubenleriň, gatlaryň hem-de gündogardaky manaşa tiresiniň baştutany edip goýdy.