Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:28

[1] Olar Rebbiň sandygyny getirip, Dawudyň niýetläp guran çadyrynyň içinde goýdular. Soňra Dawut Rebbiň huzurynda ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berdi.

[2] Ol ýakma hem salamatlyk gurbanlyklaryny berip bolandan soň, Rebbiň adyndan halka ak pata berdi.

[3] Ol aýal-erkek diýmän, ähli ysraýyllara bir bölek çörek, bir bölek et hem kişmiş paýlady.

[4] Ysraýyl Hudaýy Rebbe dileg etmek, Oňa öwgi aýdyp, Ony şöhratlandyrmak üçin, ol lewileriň käbirini Rebbiň sandygynyň öňünde hyzmat etmäge belledi.

[5] Asaf – başlyk, Zakarýa onuň kömekçisi boldy, Ýegiýel, Şemiramot, Ýehiýel, Matytýa, Eliýap, Benaýa, Obededom hem-de Ýegiýel – arfa hem lira, Asaf – kimwal çalmalydylar.

[6] Ruhanylar Benaýa bilen Ýahazyýal bolsa Rebbiň Äht sandygynyň öňünde hemişe surnaý çalmalydylar.

[7] Dawut şol gün Rebbe öwgi aýdymlaryny aýtmagy Asaf bilen onuň garyndaşlaryna tabşyrdy.

[8] Rebbe şükür ediň we Oňa ybadat ediň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.

[9] Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.

[10] Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.

[11] Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.

[12] -

[13] Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.

[14] Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.

[15] -

[16] Onuň ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini, Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaň.

[17] -

[18] Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin». Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.

[19] Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.

[20] Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.

[21] Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.

[22] Diýdi: «Saýlap-seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».

[23] Rebbe nagma aýt, eý, tutuş ýer ýüzi! Onuň halas edýändigini günsaýyn buşlaň!

[24] Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.

[25] Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.

[26] Halklaryň bar hudaýlary ýöne bir butdur, emma gökleri Reb ýaradandyr.

[27] Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr şatlyk we kuwwat.

[28] Eý, halklaryň tireleri, Rebbi wasp ediň, Rebbiň şöhratyny, güýjüni öwüň!

[29] Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, huzuryna giriň. Rebbe şanly mukaddesliginde siz sežde ediň;

[30] eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň. Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla.

[31] Goý, gökler begensin, ýer hem şatlansyn. Milletler: «Reb – Patyşa!» diýsin.

[32] Deňiz we onuň içindäkileriň ählisi, goý, güwwüldeşsin. Meýdan we ondaky bar zatlar şatlykdan joşsun.

[33] Şonda tokaý agaçlary Rebbiň öňünde nagmalar aýdar. Çünki Ol dünýä kazylyk etmäge gelýär.

[34] Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky.

[35] Ýene-de aýdyň: «Eý, gutulyşymyzyň Hudaýy, bizi halas et! Mukaddes adyňa şükürler eder ýaly, Seniň şöhratyňa buýsanar ýaly, milletleriň arasyndan bizi azat et-de, toplap al.

[36] Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.

[37] -

[38] Rebbiň Äht sandygynyň öňünde her gün hyzmat etsinler diýip, Dawut Asafy, onuň doganlaryny hem-de Obededomy altmyş sekiz sany dogany bilen goýdy. Ýedutunyň ogly Obededomy Hosa bilen derwezeban edip goýdy.

[39] Ruhany Sadogy hem-de onuň ruhany garyndaşlaryny Gibgondaky seždegähdäki Rebbiň çadyrynyň öňünde goýdy.

[40] Dawut olary ýakma gurbanlyk sypasynda Rebbiň Ysraýyla buýran kanunynda ýazylyşy ýaly edip, ertir-agşam yzyny kesmän Rebbe ýakma gurbanlyklaryny bermek üçin belledi. Bu kanunda ähli zat hakda ýazylandy.

[41] Rebbiň baky söýgüsi üçin Oňa alkyş aýtsynlar diýip, olaryň ýanynda Heýmany, Ýedutuny hem-de atlary agzalan beýleki saýlanan adamlary goýdy.

[42] Heýmanyň, Ýedutunyň elinde saz çalmak üçin surnaýlardyr kimwallar bardy. Hudaý üçin aýdym aýdýanlara-da saz gurallaryny berdi. Ýedutunyň ogullaryny derwezeban edip goýdy.

[43] Soňra ähli halk öýli-öýüne dargady. Dawut hem öz hojalygyna ak pata bermek üçin öýüne gitdi.

1 Ýyl ýazgylary — Chapters