[1] Dawut özi üçin Dawut galasynda köşkler gurdurdy. Ol Hudaýyň sandygy üçin ýer taýýarlap, çadyr dikdi.
[2] Soňra Dawut Hudaýyň sandygyny diňe lewileriň götermelidigi barada buýruk berdi. Sebäbi Reb Öz sandygyny götermek hem-de Özüne ömürbaky hyzmat etmek üçin lewileri saýlapdy.
[3] Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerine getirmek üçin, Dawut ähli ysraýyllary Iýerusalime ýygnady.
[4] Soňra ol Harunyň nesillerini hem-de lewileri toplady:
[5] Kohadyň kowumyndan ýüz ýigrimi sany garyndaşy bilen olaryň baştutany Uryýel;
[6] Merarynyň kowumyndan iki ýüz ýigrimi garyndaşy bilen olaryň baştutany Asaýa;
[7] Gerşonyň kowumyndan ýüz otuz garyndaşy bilen olaryň baştutany Ýowel;
[8] Elisapanyň kowumyndan iki ýüz garyndaşy bilen olaryň baştutany Şemagýa;
[9] Hebronyň kowumyndan segsen garyndaşy bilen olaryň baştutany Eliýel;
[10] Uzyýeliň kowumyndan ýüz on iki garyndaşy bilen olaryň baştutany Eminadap.
[11] -
[12] Dawut ruhanylar Sadok bilen Abýatary, lewilerden Uryýeli, Asaýany, Ýoweli, Eliýeli, Şemagýany hem-de Eminadaby çagyryp, olara şeýle diýdi: «Siz lewileriň urugbaşylarysyňyz. Iniňizi tämizläň, garyndaşlaryňyz hem şeýle etsinler. Soňra Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny onuň üçin taýýarlan ýerime getiriň.
[13] Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».
[14] Ruhanylar hem-de lewiler Ysraýyl Hudaýy Rebbiň sandygyny getirmek üçin inlerini tämizlediler.
[15] Lewiler Hudaýyň sandygyny Rebbiň Musa tabşyryşyna laýyk edip, syryklaryň üstünde goýup eginlerinde göterdiler.
[16] Dawut lewileriň baştutanlaryna şatlyk-şagalaň etmek üçin, öz doganlarynyň arasyndan aýdymçylary hem-de arfa, lira, kimwal ýaly saz gurallaryny çalyp bilýänleri taýyn etmäge buýruk berdi.
[17] Şeýlelikde, lewiler Ýoweliň ogly Heýmany, Berekýanyň ogly Asafy, Merary kowmyndan bolan Kuşaýanyň ogly Eýtany sazandalara ýolbaşçy edip bellediler.
[18] Zakarýa, Ýagzyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Benaýa, Magaseýa, Matytýa, Elipelehu we Mikneýa olara kömekçi edip bellenildi; Obededom bilen Ýegiýel bolsa derwezebanlardy.
[19] Aýdymçylar bolan Heýman, Asaf hem-de Eýtan dagy bürünç kimwallar,
[20] Zakarýa, Azyýel, Şemiramot, Ýehiýel, Unny, Eliýap, Magaseýa, Benaýa dagy alamot äheňinde arfa çalmalydylar.
[21] Matytýa, Elipelehu, Mikneýa, Obededom, Ýegiýel hem-de Azazýa dagy bolsa şeminit äheňinde lirada sazy dowam etdirmelidiler.
[22] Lewi sazandalarynyň ýolbaşçysy Kenanýa saza baştutanlyk etmelidi, çünki ol saza ussatdy.
[23] Berekýa bilen Elkana sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
[24] Şebanýa, Ýoşapat, Netanel, Omasaý, Zakarýa, Benaýa, Eligezer hem-de ruhanylar Hudaýyň sandygynyň öňünde surnaý çalmalydylar. Obededom bilen Ýehiýa hem sandyk üçin bellenen derwezebanlardy.
[25] Şeýlelikde, Dawut, Ysraýyl ýaşululary hem-de müňbaşylar Rebbiň Äht sandygyny şatlyk-şagalaň bilen Obededomyň öýünden getirmäge gitdiler.
[26] Rebbiň Äht sandygyny getirýän lewilere Hudaý ýardam etdi we olar ýedi öküz bilen ýedi goçy gurbanlyk berdiler.
[27] Sandygy göterýän lewiler, aýdymçylar, aýdymçylaryň sazyna ýolbaşçylyk edýän Kenanýa dagy ýaly, Dawut hem nepis zygyr matadan tikilen don geýdi. Dawudyň egninde nepis zygyr mata efot hem bardy.
[28] Şeýdip, ysraýyllar şagalaň bilen, şahdan edilen surnaýlaryň, kernaýlaryň, kimwallaryň şowhuny, arfadyr liralaryň belent owazy bilen Rebbiň Äht sandygyny getirdiler.
[29] Rebbiň Äht sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Ol Dawudyň bökjekläp tans edişini görüp, oňa äsgermezçilik etdi.