Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:25

[1] Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara:

[2] «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok.

[3] Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi.

[4] Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar.

[5] Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler.

[6] Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar.

[7] Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy.

[8] Hemmeler iýip doýdular, artyp galan bölekleri ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar.

[9] Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy.

[10] Özi bolsa dessine şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta sebitlerine gitdi.

[11] Fariseýler gelip, Isa bilen jedelleşmäge başladylar. Ony synajak bolup, gökden bir gudratly alamat görkezmegini talap etdiler.

[12] Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.

[13] Isa olaryň ýanyndan gitdi we ýene gaýyga münüp, beýleki kenara geçdi.

[14] Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy.

[15] Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi.

[16] Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler.

[17] Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy?

[18] Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçen zatlar ýadyňyza düşmeýärmi?

[19] Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler.

[20] Isa ýene: «Ýedi çöregi dört müň adama bölüp paýlanymda, artyp galany näçe sebet bolupdy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýdiler.

[21] Şonda Isa olara: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi.

[22] Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar.

[23] Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.

[24] Kör başyny galdyryp: «Adamlary görýärin, olar ýöräp barýan agaçlar ýaly bolup görünýär» diýdi.

[25] Isa ýene-de ellerini onuň gözlerine goýdy. Kör çiňerilip seretdi, şypa tapyp, bar zady aýdyň gördi.

[26] Isa: «Oba girme» diýip, ony öýüne iberdi.

[27] Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyndaky obalara gitdi. Ýolda Isa şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady.

[28] Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de – pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler.

[29] Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesih siň» diýip jogap berdi.

[30] Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.

[31] Onsoň Isa şägirtlerine Ynsan Oglunyň köp görgüler görmelidigi, ýaşulular, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlar tarapyndan ret edilmelidigi, öldürilmelidigi we üç günden soň direlmelidigi hakynda öwretmäge başlady.

[32] Ol bu sözleri açyk aýtdy. Petrus bolsa Ony bir çete çekip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady.

[33] Emma Isa öwrülip, şägirtlerine seretdi we Petrusa: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýip käýedi.

[34] Isa şägirtleri bilen birlikde mähelläni-de ýanyna çagyryp, olara şeýle diýdi: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp yzyma düşsün.

[35] Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň we Hoş Habaryň ugrunda ýitirse, ony halas eder.

[36] Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar?

[37] Ynsan öz janyna derek näme berip biler?

[38] Bu biwepa, günäkär nesliň arasynda kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Atasynyň şöhratynda mukaddes perişdeleri bilen gelen mahaly ondan utanar».

Markyň hoş habary — Chapters