Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:44

[1] Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar.

[2] Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi.

[3] Ýolbaşçy ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar.

[4] Pilat ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar!» diýdi.

[5] Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilat geň galdy.

[6] Pilat her Pesah baýramynda halkyň haýyşy boýunça bir tussagy boşadýardy.

[7] Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy.

[8] Halk Pilatyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, özleri üçin bir tussagy boşatmagyny soramaga başlady.

[9] Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady.

[10] Ol ýolbaşçy ruhanylaryň Isany göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.

[11] Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.

[12] Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady.

[13] Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar.

[14] Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar.

[15] Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.

[16] Esgerler Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler.

[17] Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler.

[18] «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular.

[19] Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular.

[20] Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.

[21] Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler.

[22] Olar Isany Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere eltdiler.

[23] Onsoň olar Isanyň agyrylaryny kemeltmek üçin, Oňa mür garylan şerap hödürlediler, emma Ol içmedi.

[24] Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar.

[25] Ony haça çüýlänlerinde, ir sagat dokuzdy.

[26] Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy.

[27] Isa bilen bile iki garakçyny hem haça çüýlediler. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.

[29] Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a.

[30] Indi haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et!» diýýärdiler.

[31] Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary-da Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok.

[32] Ysraýylyň Patyşasy Mesih, goý, häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem muny görüp iman edeli» diýýärdiler. Isa bilen haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.

[33] Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.

[34] Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.

[35] Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Serediň, Ol Ylýasy çagyrýar» diýdiler.

[36] Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakyp, Isa içirjek bolup uzatdy-da: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony aşak düşürermikä?» diýdi.

[37] Emma Isa gaty gygyryp jan berdi.

[38] Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi.

[39] Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi.

[40] Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady.

[41] Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edipdiler. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.

[42] Ol gün Taýýarlyk günüdi, ýagny Sabadyň öň ýanyndaky gündi. Agşam

[43] mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Şalygyna umyt bilen garaşýan arimatiýaly Ýusup geldi. Ol ýüregine daş baglap, Pilatyň ýanyna bardy we ondan Isanyň jesedini diledi.

[44] Pilat Isanyň eýýäm ölendigine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady.

[45] Muny ýüzbaşydan anyklandan soň, jesedi Ýusuba berdi.

[46] Ýusup hem kepenlik mata satyn aldy, jesedi aşak düşürip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlady. Soňra ol mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy.

[47] Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.

Markyň hoş habary — Chapters