[1] Başga bir gün Isa ýene sinagoga gitdi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy.
[2] Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar.
[3] Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi.
[4] Onsoň olardan: «Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady.
[5] Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.
[6] Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
[7] Isa şägirtleri bilen kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi.
[8] Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi.
[9] Isa mähelläniň içinde gysylmazlyk üçin, Öz şägirtlerine bir gaýygy taýýarlap goýmagy buýurdy.
[10] Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.
[11] Arwah-jyn eýelänler Isany görenlerinde, Onuň aýagyna ýykylyp: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyrýardylar.
[12] Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy.
[13] Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar.
[14] -
[16] Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi,
[17] Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar),
[18] onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun
[19] we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
[20] Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady.
[21] Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler.
[22] Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler.
[23] Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: «Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn?
[24] Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.
[25] Bir hojalygyň içinde bölünişik bolsa, ol maşgala berk durup bilmez.
[26] Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir.
[27] Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.
[28] Size dogrusyny aýdýaryn: ynsanlaryň hemme günäleri, her bir zada dil ýetirmeleri bagyşlanar.
[29] Emma Mukaddes Ruha dil ýetirene asla bagyşlanma ýokdur. Bu ebedilik günä bolup, onuň boýnundan asylar».
[30] Isa muny: «Ol – arwah-jynly» diýenleri üçin aýtdy.
[31] Onsoň Onuň ejesi bilen inileri geldi. Olar daşarda durup, Isany çagyrmak üçin, Onuň ýanyna adam iberdiler.
[32] Mähelle Isanyň daşyny alyp otyrdy. Oňa: «Ejeň, inileriň we uýalaryň daşarda Seni soraýarlar» diýdiler.
[33] Isa olara jogap berip: «Meniň ejem, doganlarym kim?» diýdi.
[34] Onsoň daşyny alyp oturanlara seredip: «Ine, Meniň ejem, doganlarym şulardyr!
[35] Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.