Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:37

[1] Isa bilen şägirtleri kölüň beýleki kenaryndaky gerasalylaryň ýurduna geldiler.

[2] Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi.

[3] Ol mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. Ony hiç kim hatda zynjyrlap hem saklap bilmeýärdi.

[4] Onuň el-aýaklaryny ençeme gezek zynjyrlasalar-da, gandallasalar-da, ol zynjyrlary gyryp, gandallary bölek-bölek edýärdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi.

[5] Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.

[6] Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi.

[7] Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.

[8] Sebäbi Isa oňa: «Eý, arwah-jyn, bu adamdan çyk» diýipdi.

[9] Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun, çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi.

[10] Özlerini bu mesgenden kowup goýbermezligi üçin, olar Isa köp ýalbardylar.

[11] Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi.

[12] Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýdiler.

[13] Isa olara rugsat berdi. Arwah-jynlar çykyp, doňuzlara girdiler. Şonda iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy.

[14] Doňuz çopanlary bolsa gaçyp gidip, şäherlerdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk näme bolanyny görmäge geldi.

[15] Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular.

[16] Wakany görenler arwah-jyn eýelän adama we doňuzlara näme bolandygy hakynda halka gürrüň berdiler.

[17] Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady.

[18] Isa gaýyga münende, arwah-jyndan halas bolan adam Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy.

[19] Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi.

[20] Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy.

[21] Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly mähelle üýşdi. Isa kölüň kenaryndady.

[22] Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy.

[23] Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.

[24] Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy.

[25] Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal hem bardy.

[26] Ol köp ejir çekip, ençeme lukmanlara görnüp, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy has beterleşipdi.

[27] Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini degirdi.

[28] Çünki ol içinden: «Diňe donuny ellesem-de, sagalaryn» diýip oýlanýardy.

[29] Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy.

[30] Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady.

[31] Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän mähelläni görýärsiň-ä! Onsoň nädip: „Maňa kim elini degirdi?“ diýip soraýarsyň?» diýdiler.

[32] Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi.

[33] Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi.

[34] Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi.

[35] Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi.

[36] Isa muny eşiden badyna, sinagoga baştutanyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.

[37] Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi.

[38] Sinagoga baştutanynyň öýüne gelenlerinde, Isa başagaýlygy, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi.

[39] Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.

[40] Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy.

[41] Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir.

[42] Gyz dessine ýerinden galyp ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Muny görenleriň ählisi gaty geň galdy.

[43] Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.

Markyň hoş habary — Chapters