Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 9:30

[1] Isa ol ýeri taşlap, Öz dogduk mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler.

[2] Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka?

[3] Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.

[4] Onsoň Isa olara: «Pygamberiň diňe öz dogduk ýurdunda, garyndaşlarynyň arasynda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi.

[5] Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi.

[6] Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi.

[7] Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady we olara arwah-jynlaryň üstünden ygtyýar berdi.

[8] Olara şeýle buýruk berdi: «Ýol üçin ýanyňyza hasadan başga hiç zat almaň. Ne çörek, ne torba, ne-de guşagyňyzda pul – hiç zat bolmasyn.

[9] Aýagyňyza çaryk geýiň, egniňize artykmaç eşik almaň».

[10] Isa ýene olara: «Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz şol öýde boluň.

[11] Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi.

[12] Şunluk bilen, olar ýola düşdüler we ähli adamlary toba çagyryp, wagyz etmäge başladylar.

[13] Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler.

[14] Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.

[15] Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler.

[16] Hirod bulary eşidip: «Meniň başyny çapdyran Ýahýam direlipdir!» diýdi.

[17] -

[18] Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy.

[19] Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.

[20] Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.

[21] Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy.

[22] Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi.

[23] Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi.

[24] Gyz hem daşary çykyp ejesinden: «Näme diläýin?» diýip sorady. Ol hem: «Ýahýa çümdürijiniň başyny» diýip jogap berdi.

[25] Gyz dessine patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Ýahýa çümdürijiniň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi.

[26] Patyşa gaty tukatlandy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini bitirmän, yzyna gaýtarmak islemedi.

[27] Dessine bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdy.

[28] Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi.

[29] Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip, onuň jesedini äkitdiler we ony bir mazarda jaýladylar.

[30] Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler.

[31] Isa olara: «Geliň, ýeke özümiz bir çola ýere gidip, biraz dem-dynç alalyň» diýdi. Gelip-gidýänleriň köplüginden ýaňa, olaryň nahar edinmäge-de elleri degmeýärdi.

[32] Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler.

[33] Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar.

[34] Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.

[35] Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi.

[36] Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler.

[37] Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler.

[38] Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler.

[39] Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy.

[40] Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar.

[41] Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.

[42] Hemmeler iýip doýdular.

[43] Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar.

[44] Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy.

[45] Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmeklerini buýurdy.

[46] Isa olar bilen hoşlaşandan soň, Hudaýa doga etmek üçin daga çykdy.

[47] Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasyndady, Isanyň bolsa ýeke Özi kenardady.

[48] Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.

[49] Emma olar Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine arwah görünýändir öýdüp gygyryşdylar.

[50] Hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Bu – Men, gorkmaň! Dogumly boluň!» diýdi.

[51] Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip haýran galdylar.

[52] Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy.

[53] Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler we ol ýerde gaýygy bagladylar.

[54] Gaýykdan düşen batlaryna halk Isany tanady.

[55] Adamlar ylgaşyp, şol töwerekdäki ýerlere boýdan-başa aýlandylar we hassalaryny düşekleri bilen Isanyň ýanyna getirdiler. Olar her sapar Isanyň nirededigini eşitseler, hassalaryny şol ýere getirip başladylar.

[56] Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy.

Markyň hoş habary — Chapters