[1] Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.
[2] Hudaý Musa şeýle diýdi: «Men Rebdirin.
[3] Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym.
[4] Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.
[5] Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.
[6] Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.
[7] Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.
[8] Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».
[9] Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.
[10] -
[11] Soňra Reb Musa: «Git-de, Müsüriň patyşasy faraona aýt, goý, ol ysraýyllara Müsür ýurdundan çykyp gaýtmaga rugsat bersin» diýdi.
[12] Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.
[13] Reb Musa we Harun bilen ysraýyllar we Müsüriň patyşasy faraon hakynda gepleşip, olara ysraýyllary Müsürden alyp çykmagy buýurdy.
[14] Bular ysraýyllaryň atalarynyň urugbaşylary: Ysraýylyň ilkinji ogly Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron we Karmy. Bular Rubeniň uruglarydy.
[15] Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakin, Sohar we kengan aýalyndan bolan ogly Şawul. Bular Şimgonyň uruglarydy.
[16] Lewiniň nesil daragtyna görä, onuň ogullarynyň atlary şulardyr: Gerşon, Kohat we Merary. Lewi bir ýüz otuz ýedi ýaşap dünýäden ötdi.
[17] Gerşonyň ogullary: Libni we Şimgi uruglary bilen.
[18] Kohadyň ogullary: Imran, Ýishar, Hebron we Uzyýel. Kohat bir ýüz otuz üç ýaşap öldi.
[19] Merarynyň ogullary: Mahly we Muşy. Ine, bu aşakdakylar bolsa lewileriň nesilleri boýunça uruglary.
[20] Imran öz kakasynyň gyz jigisi Ýokebedi özüne aýal edip aldy, ol hem oňa Harun bilen Musany dogrup berdi. Imran bir ýüz otuz ýedi ýaşap aradan çykdy.
[21] Ýisharyň ogullary: Kora, Nepek, Zikri.
[22] Uzyýel ogullary: Mişaýyl, Elsapan we Sitri.
[23] Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.
[24] Koranyň ogullary: Asyr, Elkana we Abyýasap. Bular Koranyň uruglary bolupdyr.
[25] Harunyň ogly Elgazar Putyýeliň gyzlarynyň birini özüne aýal edip aldy we ondan Pinehas diýen ogly boldy. Ine, şular lewileriň uruglary boýunça olaryň atalarynyň urugbaşylary bolupdyr.
[26] Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady.
[27] Ysraýyllary, Müsürden alyp gaýtmak üçin, Müsür patyşasy faraon bilen gepleşenler hem şular – Musa bilen Harundy.
[28] Şol gün Reb Müsürde Musa ýüzlendi.
[29] Reb Musa: «Men Rebdirin. Meniň saňa aýdýanlarymyň hemmesini Müsüriň patyşasy faraona ýetir» diýdi.
[30] Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.