[1] Reb Musa şeýle diýdi:
[2] «Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň.
[3] Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç;
[4] gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;
[5] goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy;
[6] çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;
[7] efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
[8] Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.
[9] Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.
[10] Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
[11] Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
[12] Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň.
[13] Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň.
[14] Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň.
[15] Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn.
[16] Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň.
[17] Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun.
[18] Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasat.
[19] Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir.
[20] Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.
[21] Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý.
[22] Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.
[23] Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
[24] Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
[25] Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr.
[26] Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler.
[27] Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler.
[28] Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir.
[29] Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.
[30] Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý.
[31] Sap altyndan çyradan ýasat. Çyradanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Çyradanyň gülkäsesi, gül-gunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun.
[32] Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun.
[33] Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň.
[34] Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gül-gunçasy we gülýapragy bolsun.
[35] Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn.
[36] Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn.
[37] Çyradan üçin ýedi çyra dak. Çyralar çyradanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak.
[38] Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun.
[39] Çyradan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman sap altyndan ýasalsyn.
[40] Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň.