[1] Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler
[2] Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy.
[3] Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler.
[4] Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi.
[5] Olar Musa: «Rebbiň bize buýran işini etmekde, halk zatlary gereginden artyk getirýär» diýdiler.
[6] Şonuň üçin hem Musa düşelgäniň içine şeýle buýruk bilen: «Mundan beýläk bir erkek ýa-da aýal mukaddes öý üçin sadaka edip, hiç hili zat getirmesin» diýip jar çekdirdi. Şeýdip, halk sadaka getirmesini kesdi.
[7] Çünki olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy.
[8] Ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler.
[9] Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeşdi.
[10] Olar bäş perdäni bir aýry, beýleki bäş perdäni hem bir aýry edip çatdylar.
[11] Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasadylar, ikinji bäş perdäniň iň soňkusyna-da şeýle etdiler.
[12] Birinji toplumyň perdeleriniň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar. Ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasadylar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşendi.
[13] Altyndan elli sany ildirgiç ýasap, perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdiler. Şeýdip, çadyr tutuş bir bitewi boldy.
[14] Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasadylar.
[15] Her perdäniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolup, on bir perdäniň-de ölçegini bir meňzeş etdiler.
[16] Perdeleriň bäşisini bir aýry çatyp, galan altysyny hem bir aýry çatdylar.
[17] Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler.
[18] Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasap, olary halkadan geçirip, çadyry birleşdirdiler. Şonda çadyr tutuş bir bitewi boldy.
[19] Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaldy we onuň üstüni örtmäge saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasadylar.
[20] Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasadylar.
[21] Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek boldy.
[22] Çarçuwalary biri-biri bilen sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk dikdiler. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edildi.
[23] Mukaddes çadyryň çarçuwalaryny şeýle ýasadylar: onuň günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasaldy.
[24] Ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban ýasaldy.
[25] Çadyryň ikinji tarapy bolan demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaldy.
[26] Olara hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasadylar.
[27] Çadyryň arka tarapy bolan günbatar tarapy üçin, alty çarçuwa ýasaldy.
[28] Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaldy.
[29] Olar aşakdan we ýokardan şol bir halka birleşdirlendi. Olaryň ikisi-de şeýle edilip, olar iki burçy emele getirdiler.
[30] Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden daban ýasadylar.
[31] Mukaddes çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin akasiýa agajyndan bäş sany syryk ýasadylar.
[32] Çadyryň beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasadylar.
[33] Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýagyny çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçirdiler.
[34] Çarçuwalary altyna gaplap, syryklary saklar ýaly, altyndan halkalar ýasadylar. Syryklar hem altyna gaplandy.
[35] Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler.
[36] Perdäni asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasaldy. Olary altyn bilen gaplap, olara altyndan ildirgiçler we kümüşden dört sany daban ýasadylar.
[37] Şeýle hem, olar çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan perde ýasadylar. Ony keşde bilen nagyşladylar.
[38] Bu perde üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, onuň ýokarky örtüklerini we sütünlerini altyna gapladylar. Olaryň ildirgiçlerini hem altyndan edip, olara bürünçden bäş sany daban ýasadylar.