Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:17

[1] Reb Musa şeýle diýdi:

[2] «Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur.

[3] Äht sandygyny getirip, onuň içinde goý we onuň öňünden tuty tut.

[4] Hantagtany getirip, onuň enjamlaryny oturt. Çyradany getirip, onuň çyralaryny ýak.

[5] Tütetgi üçin altyndan edilen sypany Äht sandygynyň öňünde goý. Mukaddes çadyryň girelgesine ýapynja tut.

[6] Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesiniň öňünde ýakma gurbanlyk sypasyny gur.

[7] Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý.

[8] Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýadyň derwezesine ýapynja tut.

[9] Soňra mesh ýagyny alyp, çadyra we onuň ähli zatlaryna ýag guý. Ony we onuň ähli esbaplaryny mukaddes et, şonda ol mukaddes bolar.

[10] Ýakma gurbanlygynyň sypasynyň üstüne we onuň ähli enjamlarynyň üstüne hem ýag sepele. Şeýdip, gurbanlyk sypasyny mukaddes et, şonda ol iň mukaddes bolar.

[11] Legene we onuň sütüniniň üstüne ýag sepeläp mukaddes et.

[12] Soňra Haruny we onuň ogullaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getirip, olary suw bilen ýuw.

[13] Haruna ruhany geýimlerini geýdir we onuň başyna ýag guýup, Maňa bagyş et, şonda ol Maňa ruhany bolup hyzmat edip biler.

[14] Onuň ogullaryny hem getirip, olara uzyn köýnekleri geýdir.

[15] Atasyny bagyş edişiň ýaly, ogullaryny hem başyna ýag guýup bagyş et, şonda olar Maňa ruhany bolup hyzmat edip bilerler: bu ruhanyçylyk olar üçin nesilme-nesil ebedilik bolar».

[16] Musa ähli zady edil Rebbiň özüne buýruşy ýaly etdi.

[17] Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy.

[18] Musa mukaddes çadyry şeýle gurdy: onuň dabanlaryny, çarçuwalaryny oturtdy, syryklaryny dakdy we sütünlerini dikdi.

[19] Musa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, mukaddes çadyryň daşky örtügini we ýapynjasyny tutdy.

[20] Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy.

[21] Musa Rebbiň buýruşy ýaly, Äht sandygyny mukaddes çadyra getirip goýdy. Onuň öňünden tuty asyp, ony aýratyn goýdy.

[22] Ol hantagtany tutynyň daşynda, Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň demirgazygynda goýdy.

[23] Musa Rebbiň buýruşy ýaly edip, ol hödür çöregini hantagtanyň üstünde goýup, Rebbiň huzuryna getirdi.

[24] Çyradany Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň günorta tarapyna getirip, hantagtanyň garşysynda goýdy.

[25] Rebbiň özüne buýruşy ýaly, Musa Rebbiň huzurynda çyralary ýakdy.

[26] Altyndan edilen sypany getirip, Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, tutynyň öňünde goýdy.

[27] Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy.

[28] Ol mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja hem tutdy.

[29] Ol Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň girelgesinde ýakma gurbanlyk sypasyny goýdy. Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakma gurbanlygyny we galla sadakasyny berdi.

[30] Rebbe ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legeni goýdy we ýuwunmak üçin onuň içine suw guýdy.

[31] Musa, Harun we onuň ogullary şol suw bilen ellerini we aýaklaryny ýuwdular.

[32] Olar Rebbe ýüz tutulýan çadyra girenlerinde we gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, Rebbiň Musa buýruşy ýaly ýuwundylar.

[33] Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýadyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.

[34] Soňra Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry bulut örtdi. Rebbiň şöhraty mukaddes çadyry doldurdy.

[35] Musa Rebbe ýüz tutulýan çadyra girip bilmedi, sebäbi ony bulut örtüp, mukaddes çadyry Rebbiň şöhraty doldurypdy.

[36] Her gezek bulut mukaddes çadyrdan aýrylyp süýşende, ysraýyllar hem öz ýollaryny dowam etdirerdiler.

[37] Emma bulut ol ýerden aýrylmasa, tä bulut süýşýänçä, olar hem göçmän oturardylar.

[38] Tutuş ysraýyl halky her gezek ýöriş edende, Reb olar üçin gündizine bulut, gijesine ot sütüni bolup, mukaddes çadyryň depesinde durýardy.

Müsürden çykyş — Chapters