Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:41

[1] Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».

[2] Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.

[3] Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.

[4] Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň.

[5] Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi.

[6] Şol günüň özünde faraon gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi:

[7] «Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar.

[8] Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza gurbanlyk bereli“ diýşip gygyryşýarlar.

[9] Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar».

[10] Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Faraon şeýle diýýär: „Men size saman berjek däl.

[11] Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir“» diýdiler.

[12] Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar.

[13] Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini berk talap edýärdiler.

[14] Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.

[15] Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri faraonyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň?

[16] Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, „Kerpiç guýuň!“ diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler.

[17] Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe gurbanlyk bereli“ diýýärsiňiz.

[18] Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi.

[19] Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler.

[20] Olar faraonyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular.

[21] Olar Musa bilen Haruna: «Faraon we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.

[22] Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň?

[23] Seniň adyňdan faraon bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi.

Müsürden çykyş — Chapters