[1] Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi.
[2] Ýüzbaşylar Ýahuda aýlanyp, Ýahudanyň ähli şäherlerinden lewileri we Ysraýylyň tirebaşylaryny toplap, Iýerusalime geldiler.
[3] Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder.
[4] Siziň etmeli işiňiz şudur: Sabat güni hyzmata gelýän ruhanylaryň we lewileriň üçden biri derwezeban bolsun.
[5] Üçden biriňiz patyşanyň köşgünde, üçden biriňiz Bina derwezesinde, tutuş halk hem Rebbiň öýüniň howlusynda bolsun.
[6] Rebbiň öýüne ruhanylardan we hyzmat edýän lewilerden başga hiç kim girmesin. Ruhanylar bilen lewiler girip bilerler, çünki olar mukaddesdirler. Ýöne bütin halk Rebbiň görkezmelerini berjaý etsin.
[7] Lewileriň ählisiniň eli ýaragly bolup, olar patyşanyň daşyny gurşasyn. Öýe ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girende-çykanda onuň ýanynda boluň».
[8] Lewiler we bütin ýahuda halky Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri-de, etmedikleri-de alyp geldiler, Ýehoýada ruhany toparlaryň hiç birini goýbermedi.
[9] Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Hudaýyň öýündäki naýzalaryny, uly we kiçi galkanlaryny serkerdelere berdi.
[10] Ýehoýada bütin halky patyşany goramak üçin öýüň daş-töwereginde, gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde garawul hökmünde goýdy, olaryň hersiniň elleri ýaraglydy.
[11] Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag guýup, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
[12] Atalýa halkyň ylgaşyp, patyşany alkyşlaýanyny eşidende, halkyň ýanyna, Rebbiň öýüne geldi.
[13] Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.
[14] Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.
[15] Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.
[16] Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi.
[17] Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Mattany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler.
[18] Ýehoýada Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler.
[19] Ýehoýada Rebbiň öýüne hiç bir haram adam girmez ýaly, onuň derwezesinde garawullar goýdy.
[20] Ýehoýada ruhany ýüzbaşylary, han-begleri, halkyň häkimlerini, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden alyp, ýokarky derwezäniň üsti bilen köşge getirdiler. Ýowaşy şa tagtynda oturtdylar.
[21] Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa gylyçdan geçirilenden soň, şäherde ümsümlik boldy.