Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:13

[1] Asanyň patyşalygynyň otuz altynjy ýylynda Ysraýyl patyşasy Bagşa Ýahudanyň üstüne çozdy. Ol Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip-gitmek isleýänleriň ýoluny ýapmak üçin Rama galasyny berkitdi.

[2] Soňra Asa Rebbiň öýüniň we patyşa köşgüniň hazynalaryndan kümüşdir altyn alyp, olary Damaskda ýaşaýan Siriýa patyşasy Benhadada iberdi.

[3] Asa öz emeldarlaryndan Benhadada şeýle habar ýollady: «Seniň kakaň bilen meniň kakamyň arasynda bolşy ýaly, ikimiziň aramyzda-da ylalaşyk bolsun. Men saňa kümüşdir altyn sowgat iberýärin. Sen gidip, Ysraýylyň patyşasy Bagşa bilen eden ylalaşygyňy boz, ol meniň üstümden sowulsyn».

[4] Benhadat Asa patyşanyň aýdanlaryna gulak asdy. Ol goşun serkerdelerini iberip, Yýony, Dany, Abelmaýymy, Naftalynyň ähli ammar galalaryny basyp aldy.

[5] Bagşa muny eşidende, Rama galasyny berkitmekden el çekip, işini togtatdy.

[6] Soňra Asa patyşa ýahuda halkynyň baryny toplady. Olar Rama galasyndaky Bagşanyň berkitme üçin ulanyp ýören daşlaryny, agaçlaryny alyp gitdiler. Asa patyşa bu daşdyr agaçlar bilen Geba we Mispa galalaryny berkitdi.

[7] Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Siriýa patyşasyna bil baglanyň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy.

[8] Efiopiýalylar we liwiýalylar biçak köp söweş arabaly we sansyz-sajaksyz söweş arabaly esgerleri bolan goşun dälmidi? Emma Rebbe bil baglandygyňyz üçin, Reb olary siziň eliňize berdi.

[9] Özüne ak ýürekden hyzmat edenlere güýç-kuwwat bermek üçin Reb bütin ýer ýüzüne syn edýär. Sen akmaklyk etdiň. Mundan beýläk sen mydama uruş içinde bolarsyň».

[10] Onsoň Asa Hanany görgüre gaharlanyp, ony zynjyrlap zyndana saldy, çünki Asa munuň üçin oňa gazaplanypdy.

[11] Asanyň başdan-aýaga çenli eden ähli işleri barada Ýahuda we Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr.

[12] Emma Asanyň patyşalygynyň otuz dokuzynjy ýylynda ol aýakdan dert çekdi Onuň aýak agyrysy gitdigiçe agyrlaşsa-da, ol Rebden medet dilemän, lukmanlardan medet gözledi.

[13] Asa patyşalygynyň kyrk birinji ýylynda ata-babalaryna gowuşdy.

[14] Asany Dawut galasynda özi üçin gazyp goýan mazarynda jaýladylar. Ony bir ussat tarapyndan taýýarlanan her hili hoşboý ysly zatlardan doldurylan tabytda goýdular. Asanyň hatyrasyna uly ot ýakyldy.

2 Ýyl ýazgylary — Chapters