[1] Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy.
[2] Birnäçe ýyldan soň Ýehoşapat Samariýa Ahabyň ýanyna gitdi. Ahap Ýehoşapat we onuň bilen gelenler üçin köp goýun we öküz öldürdip, ony özi bilen Ramotgilgada garşy hüjüm etmäge yrdy.
[3] Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat oňa: «Menem, halkam seniň hyzmatyňdadyrys. Uruşda seniň bilendiris» diýip jogap berdi.
[4] Ýehoşapat sözüni dowam edip, Ysraýylyň patyşasy Ahaba: «Öňürti Rebden sorap göräý» diýdi.
[5] Onsoň Ysraýylyň patyşasy Ahap dört ýüze golaý pygamberi toplap, olardan: «Biziň ikimizem Ramotgilgada hüjüm edelimi ýa-da men etmäýinmi?» diýip sorady. Olar: «Hüjüm et, çünki Hudaý ony seniň eliňe berer» diýdiler.
[6] Emma Ýehoşapat: «Bu ýerde sorar ýaly Rebbiň başga pygamberi ýokmy?» diýdi.
[7] Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.
[8] Onsoň Ysraýyl patyşasy Ahap köşk emeldaryny çagyryp: «Git-de, dessine Ýymla ogly Mikaýany şu ýere getir» diýdi.
[9] Ysraýyl patyşasy bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat şalyk lybasyny geýip, Samariýanyň derwezesiniň agzyndaky harmanda öz tagtlarynda otyrdylar. Ähli pygamberler olaryň öňünde pygamberlik edýärdiler.
[10] Kenagananyň ogly Sidkiýa özüne demir şahlar ýasap, şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Sen şu şahlar bilen siriýalylaryň üstüne hüjüm edip, olardan üstün çykarsyň“».
[11] Ähli pygamberler şol bir zady pygamberlik edip: «Ramotgilgada git, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony patyşanyň eline berer» diýdiler.
[12] Mikaýany getirmäge giden çapar oňa: «Ähli pygamberler patyşa bir agyzdan hoş sözleri aýdýarlar; sen hem şolar ýaly hoş sözleri aýt» diýdi.
[13] Mikaýa: «Rebden ant içýärin, Hudaýym maňa näme diýse, men şony hem aýdaryn» diýdi.
[14] Mikaýa patyşanyň ýanyna geldi. Patyşa ondan: «Mikaýa, biz Ramotgilgada çozuş edelimi ýa-da etmäli?» diýip sorady. Mikaýa: «Çozuş et, sen ýeňiş gazanarsyň. Reb ony seniň eliňe berer» diýip jogap berdi.
[15] Patyşa oňa: «Maňa Rebbiň adyndan hakykatdan başga zat aýtmazlygy saňa näçe gezek ant içirmeli?» diýdi.
[16] Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi.
[17] Ysraýyl patyşasy Ahap Ýehoşapada: «Men saňa ol hiç haçan ýagşy zat hakda däl-de, eýsem, diňe betbagtçylyk hakda pygamberlik edýär diýip aýtmadymmy näme?» diýdi.
[18] Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, ähli gögüň goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda duranyny gördüm.
[19] Reb şeýle diýdi: „Ramotgilgada gidip heläk bolmagy üçin, Ysraýyl patyşasy Ahaby kim yryp biler?“ Biri bir zat diýdi, beýlekisi başga zat.
[20] Onsoň bir ruh gelip, Rebbiň huzurynda durup, şeýle diýdi: „Ony men yraryn“. Reb ondan: „Nädip?“ diýip sorady.
[21] Ol Rebbe: „Men giderin-de, Ahabyň ähli pygamberlerini ýalan sözlederin“ diýip jogap berdi. Onsoň Reb oňa: „Sen git-de ony yr, sen muny başararsyň“ diýdi.
[22] Ine, görýäňmi, Reb seniň ähli pygamberleriňi ýalan sözletdi. Reb seniň başyňa bela getirer».
[23] Onsoň Kenagananyň ogly Sidkiýa Mikaýa golaý gelip, onuň ýaňagyna şarpyk çalyp: «Reb sözüni maňa aýan etmän, saňa aýan eder öýdýäňmi?» diýdi.
[24] Mikaýa: «Sen muny gizlenmek üçin içki otaga giren günüň bilersiň» diýip jogap berdi.
[25] Ysraýyl patyşasy Ahap şeýle diýdi: «Mikaýany al-da, ony yzyna, galanyň häkimi Amona we şazada Ýowaşa eltip ber.
[26] Ýowaşa we Amona patyşa şeýle diýýär diý: „Mikaýany tussaghana salyň-da, men söweşden sag-salamat dolanyp gelýänçäm, oňa açlykdan ölmezi ýaly ýeterlik çörek bilen suw beriň“».
[27] Mikaýa: «Eger sen söweşden sag-salamat dolanyp gelseň, onda Reb men arkaly geplän däldir» diýdi. Soňra ol: «Eý, jemagat, muny hemmäňiz eşidiň» diýdi.
[28] Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen Ýahuda patyşasy Ýehoşapat Ramotgilgada hüjüm etmäge gitdiler.
[29] Ysraýyl patyşasy Ýehoşapada: «Meni tanamazlar ýaly, men söweşe eşigimi üýtgedip girjek, ýöne sen öz şalyk lybasyňy geý» diýdi. Şeýdip, Ysraýylyň patyşasy eşigini üýtgedip, söweşe girdi.
[30] Siriýa patyşasy öz söweş arabalarynyň serkerdelerine: «Uly bilen-de, kiçi bilen-de uruşman, diňe Ysraýylyň patyşasy Ahap bilen uruş ediň» diýip tabşyrdy.
[31] Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapady görenlerinde: «Şu hökman Ysraýylyň patyşasy bolmalydyr» diýip, oňa hüjüm etmek üçin şol tarapa sowuldylar. Ýehoşapat bar sesine gygyrdy. Reb onuň dadyna ýetişip, serkerdeleri ondan daşlaşdyrdy.
[32] Söweş arabalarynyň serkerdeleri Ýehoşapadyň Ysraýylyň patyşasy Ahap däldigini görenlerinde, yzlaryna dolandylar.
[33] Bir adam ýaýyny çekip, tötänden Ysraýyl patyşasynyň sowudynyň arasyndan urdy. Patyşa öz arabaçysyna: «At arabasyny yza öwür-de, meni söweşiň içinden çykar, men ýaralandym» diýdi.
[34] Şol gün söweş gaty gazaply boldy. Ysraýylyň patyşasy öz arabasynda agşama çenli siriýalylara tarap bakyp durdy, ol Gün ýaşanda öldi.