[1] Rehabgam Şekeme gitdi. Bütin ysraýyl halky Rehabgamy patyşa etjek bolup, Şekeme gelipdi.
[2] Nebadyň ogly Ýarobgam bu habary eşidenden soň (ol Müsürdedi, çünki ol şol ýere Süleýman patyşadan gaçyp gidipdi), Müsürden gaýdyp geldi.
[3] Ysraýyllar Ýarobgamy çagyrdyp alyp, onuň bilen bile Rehabgamyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdiler:
[4] «Kakaň bize agyr zulum etdi. Indi sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet we bize salan salgydyny azalt, şonda biz saňa gulluk ederis».
[5] Rehabgam ysraýyl halkyna: «Ýene-de üç günden meniň ýanyma dolanyp geliň» diýdi. Şeýdip, olar gitdiler.
[6] Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka näme jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady.
[7] Ýaşulular oňa: «Eger sen şu gün bu halka ýagşylyk edip, olary razy etseň, olardan ýagşy sözüňi gaýgyrmasaň, olar saňa baky hyzmat ederler» diýip jogap berdiler.
[8] Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi.
[9] Rehabgam ýaş ýigitlerden: «Siz: „Sen kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýdi.
[10] Onuň bilen bile ösüp ulalan ýaş ýigitler oňa: «Saňa „Kakaňyň bize eden agyr zulumyny ýeňlet“ diýýän bu halka öz külem barmagyň kakaňyň bilinden ýogyndygyny aýt.
[11] Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilýän zulumy has-da artdyraryn; kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn diý» diýdiler.
[12] Şeýdip, patyşanyň: «Meniň ýanyma ýene-de üç günden dolanyp geliň» diýip aýdyşy ýaly, Ýarobgam bilen bütin halk üçünji gün Rehabgamyň ýanyna geldiler.
[13] Patyşa halka rehimsizlik bilen jogap berdi. Ol ýaşulularyň özüne beren maslahatyny ret etdi.
[14] Rehabgam ýaş ýigitleriň beren maslahatyna eýerip, Ýarobgama we ysraýyl halkyna şeýle jogap berdi: «Kakam size agyr zulum eden bolsa, men size edilen zulumy has-da artdyraryn. Kakam sizi çyrpy bilen jezalandyran bolsa, men sizi gamçy bilen jezalandyraryn».
[15] Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy.
[16] Patyşanyň özlerini diňlemejegini bilen ysraýyl halky oňa: «Biziň Dawut bilen näme şärikligimiz bar? Ýyşaýyň oglunda mirasymyz ýokdur. Eý, ysraýyllar, her kes öýli-öýüne gaýtsyn! Eý, Dawudyň nesli, sen öz öýüňe seret!» diýdi. Şeýdip, ysraýyllar öz öýlerine dolandylar.
[17] Rehabgam bolsa Ýahuda şäherlerinde ýaşaýan ysraýyllara patyşalyk etdi.
[18] Rehabgam patyşa gullaryň baştutany bolan Hadoramy Ysraýyla iberende, ysraýyl halky ony daşlap öldürdi. Rehabgam patyşa Iýerusalime gaçmak üçin, howlukmaçlyk bilen öz at arabasyna mündi.
[19] Şeýdip, demirgazyk ysraýyl tireleri şu güne çenli Dawudyň nesillerine garşy pitne turzup gelýärdiler.