Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:49

[1] Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama urşujylar toplady.

[2] Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[3] «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, ýahuda we benýamin tirelerinden bolan ysraýyl halkyna

[4] Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyzyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Ýarobgamyň garşysyna çykman, öýlerine gaýtdylar.

[5] Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy.

[6] Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany,

[7] Beýtsury, Sokony, Adullamy,

[8] Gaty, Mareşany, Zipi,

[9] Adoraýymy, Lakyşy, Azekany,

[10] Sorgany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam ýahudalaryň we benýaminleriň galalary berkitdi.

[11] Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi.

[12] Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen benýamin Rehabgamyňkydy.

[13] Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler.

[14] Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar.

[15] Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi.

[16] Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler.

[17] Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler.

[18] Rehabgam Mahalata öýlendi. Mahalat Dawudyň ogly Ýerimot bilen Abyhaýylyň gyzydy. Abyhaýyl Ýyşaýyň ogly Eliýabyň gyzydy.

[19] Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi.

[20] Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi.

[21] Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy.

[22] Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi.

[23] Rehabgam parasatlyk bilen hereket edip, ogullaryny ýahudalaryň we benýaminleriň galalaryna iberip, olary ummasyz azyk bilen üpjün etdi, olara köp aýallar alyp berdi.

2 Ýyl ýazgylary — Chapters