[1] Nebukadnesar özüniň patyşalygynyň ikinji ýylynda bir düýş gördi. Muňa onuň ýüregi howsala düşüp, ukusy gaçdy.
[2] Onsoň patyşa düýşüni ýordurmak üçin jadygöýleri, palçylary, gözbagçylary we müneçjimleri toplap getirmegi buýurdy. Olar gelip, patyşanyň huzurynda durdular.
[3] Patyşa olara: «Men bir düýş gördüm. Düýşüň ýorgudyny bilmek islegi ýüregimi howsala salýar» diýdi.
[4] Müneçjimler arameý dilinde patyşa ýüzlenip: «Patyşa baky ýaşasyn! Gören düýşüňizi öz gullaryňa aýt, biz onuň näme aňladýandygyny ýorup bereli» diýdiler.
[5] Patyşa müneçjimlere şeýle jogap berdi: «Men şeýle karara geldim: eger-de siz meniň gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp bermeseňiz, siziň el-aýaklaryňyzy çapyp, öýleriňizi weýran etdirerin.
[6] Emma siz maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp berseňiz, onda siz menden sowgatlar we sylag-serpaýlar alyp, beýik hormata mynasyp bolarsyňyz. Şonuň üçin hem maňa gören düýşümi we onuň ýorgudyny aýdyp beriň».
[7] Olar oňa ýene-de: «Ilki bilen, goý, patyşamyz öz gullaryna gören düýşüni aýtsyn, biz hem onuň ýorgudyny aýdaly» diýip jogap berdiler.
[8] Patyşa: «Meniň kararymyň çynlakaýdygyny görüp, siziň wagt utmak isleýändigiňizi anyk bilýärin.
[9] Eger siz maňa gören düýşümi aýdyp bermeseňiz, size ýeke-täk bir höküm garaşýandyr. Wagtyň geçmegi bilen siz meniň pikirim üýtgär öýdüp, maňa ýalan we biderek zatlar aýtmak üçin öz araňyzda dilleşipsiňiz. Şoňa görä-de gören düýşümi maňa siziň özüňiz aýdyp berersiňiz. Şonda siziň onuň ýorgudyny aýdyp biljekdigiňize gözüm ýeter» diýdi.
[10] Müneçjimlere patyşa şeýle diýdiler: «Ýer ýüzünde seniň edýän bu talabyňyň hötdesinden hiç kim gelip bilmez! Dogrusy, munuň ýaly işi beýik we güýçli patyşalaryň hiç biri-de jadygöýden ýa palçydan, ýa-da müneçjimden soramandyr.
[11] Patyşanyň soraýan bu işi juda agyr. Muny hudaýlardan başga hiç kim patyşa äşgär edip bilmez, olaryň bolsa mesgeni ynsanlar arasynda däldir».
[12] Patyşa muny eşidip, gazap atyna atlandy. Ol Babylyň ähli akyldarlaryny öldürmegi buýurdy.
[13] Akyldarlaryň hemmesiniň öldürilmelidigi barada perman çykdy. Olar Danyýeli we onuň ýoldaşlaryny hem öldürmek üçin, olaryň gözlegine çykdylar.
[14] Patyşanyň janpenalarynyň başlygy Arýok Babylyň akyldarlaryny öldürmäge çykanda, Danyýel oňa akylly-başly hem parasatlylyk bilen sala saldy.
[15] Ol köşk emeldary Arýokdan: «Näme üçin patyşanyň permany beýle gazaply?» diýip sorady. Arýok bolan wakany Danyýele düşündirdi.
[16] Şonda Danyýel içeri girip, patyşanyň düýşüniň ýorgudyny aýtmak üçin özüne wagt berilmegini haýyş etdi.
[17] Onsoň Danyýel öýüne baryp, bu ahwalaty ýoldaşlary Hananýa, Mişaýyla we Azarýa habar berdi.
[18] Bu syryň açylmagy üçin Gögüň Hudaýyndan rehim-şepagat sorap dileg etmeklerini Danyýel olardan haýyş etdi. Şonda Danyýel we onuň ýoldaşlary Babylyň akyldarlary bilen birlikde heläk boljak däldiler.
[19] Soňra bu syr Danyýele gijeki görnüş arkaly aýan boldy. Danyýel Gögüň Hudaýyna alkyş aýtdy.
[20] Ol şeýle diýdi: «Owaldan ebedä çenli Hudaýyň adyna alkyş ýagsyn, çünki paýhas we gudrat Oňa mahsusdyr.
[21] Döwri we pasyllary üýtgedýän Oldur. Patyşalary tagtdan agdaryp, tagta çykarýar. Ol akyldara pähim-paýhas, düşünjelä bilim berýär.
[22] Çuň we gizlin syrlary Ol açýar, tümlükde näme bolýanyny Ol bilýär, Onuň Özi nurda ýaşaýar.
[23] Eý, ata-babalarymyň Hudaýy! Saňa şöhrat we öwgi bolsun! Çünki maňa paýhas we gudrat berdiň, Senden dilän dilegimizi maňa aýan etdiň, patyşanyň buýran zadyny bize açyp berdiň».
[24] Soňra Danyýel patyşanyň Babylyň akyldarlaryny öldürmek üçin bellän adamy Arýogyň ýanyna bardy. Danyýel oňa: «Babylyň akyldarlaryna degme. Meni patyşanyň huzuryna elt, men onuň gören düýşüni ýorup berjek» diýdi.
[25] Arýok ony derrew patyşanyň huzuryna eltip: «Patyşahym, Ýahudadan ýesir edip getirilenleriň arasyndan siziň gören düýşüňizi ýorup biljek bir adam tapdym» diýdi.
[26] Patyşa Belteşasar diýlip atlandyrylan Danyýelden: «Sen maňa nähili düýş görenimi aýdyp, ony ýorup bilersiňmi?» diýip sorady.
[27] Danyýel patyşa: «Patyşanyň soraýan bu syryny hiç bir akyldar-da, palçy-da, jadygöý-de, bilgiç-de açyp bilmez.
[28] Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:
[29] Eý, patyşahym, sen ýatyrkaň hyýalyňa mundan soňra nämeler bolarka diýen pikir geldi we syrlary aýan edýän Hudaý muny saňa äşgär etdi.
[30] Maňa bolsa bu syr başga adamlardan has akyllydygym üçin açylman, eýsem munuň ýorgudy patyşa aýan edilsin, ol hem öz ýüregindäki pikirlere düşünsin diýlip aýan boldy.
[31] Eý, patyşahym, ine, sen düýşüňde beýik bir heýkel gördüň. Ol heýkel şeýle äpetdi, şöhle saçýardy. Ol seniň öňüňde durdy we onuň daş görnüşi gorkunçdy.
[32] Heýkeliň kellesi sap altyndan, döşi bilen gollary kümüşden, bili bilen butlary bürünçdendi.
[33] Baldyrlary demirdendi, aýaklarynyň ýarysy demirden, ýarysy hem toýundandy.
[34] Sen seredip durkaň, ynsan eli degmezden bir daş gopup gaçdy, ol heýkeliň demirden we toýundan bolan aýaklaryna uruldy-da, olary çym-pytrak etdi.
[35] Soňra demir, toýun, bürünç, kümüş we altyn harman jaýdaky saman ýaly kül-peýekun boldular. Şemal olary pytradyp taşlanda, olaryň yzy-sory galmady. Emma heýkele urlan daş beýik daga öwrülip, bütin ýer ýüzüni doldurdy.
[36] Görlen düýş, ine, şudur. Indi bolsa biz ony patyşa ýorup bereli.
[37] Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.
[38] Ähli ýerde ýaşaýan ynsanlary, ýabany haýwanlary, gökdäki guşlary seniň ygtyýaryňa tabşyrdy. Olaryň hemmesiniň üstünden seni hökümdar goýdy. Sap altyndan bolan kelle bu sensiň!
[39] Seniň patyşalygyňdan soňra seniňkiden pes bolan başga bir patyşalyk peýda bolar. Soňra tutuş ýer ýüzüne hökümdarlyk etjek üçünji bir bürünç patyşalyk geler.
[40] Dördünji patyşalyk demir ýaly güýçli bolar, çünki demriň ähli zady mynjyradyşy ýaly, ol hem bularyň hemmesini gyryp tükeder.
[41] Aýaklaryň we barmaklaryň ýarysynyň toýundan, ýarysynyň bolsa demirdendigini gördüň. Bu bolsa bölünen patyşalygy aňladýar. Demriň toýun bilen garylandygyny görşüň ýaly, onda biraz demriň güýji bolar.
[42] Aýaklaryň barmaklarynyň ýarysynyň demirden, ýarysynyň hem toýundan bolmagy, bu patyşalygyň bir böleginiň güýçli, bir böleginiň bolsa ejiz boljakdygyny aňladýar.
[43] Görşüň ýaly, demriň toýun bilen garylmagy halklaryň gyz alşyp-berşip, biri-birleri bilen garyşjakdyklaryny aňladýar. Emma demriň toýun bilen garylyp bilmeýşi ýaly, olar hem biri-birleri bilen garyşyp bilmezler.
[44] Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar.
[45] Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»
[46] Soňra Nebukadnesar patyşa ýere ýüzin düşüp, Danyýele tagzym etdi. Oňa galla sadakasyny we ýakymly ysly tütetgi hödür etmeklerini buýurdy.
[47] Patyşa Danyýele: «Sen bu syry açyp bildiň. Hakykatdan-da, seniň Hudaýyň hudaýlaryň Hudaýy, patyşalaryň Taňrysy we syrlary aýan edýän Hudaýdyr» diýdi.
[48] Soňra patyşa Danyýele ýokary wezipe berdi, oňa köp gymmatbaha sowgatlar etdi. Ony tutuş Babyl welaýatyna ýolbaşçy belledi we ähli Babyl akyldarlaryna baştutan goýdy.
[49] Danyýel patyşadan haýyş edip, Şadragy, Meýşagy we Abednegony Babyl welaýatynyň ýokary wezipelerine belletdi, emma Danyýeliň özi köşkde galdy.