Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:19

[1] Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň üçünji ýylynda Belteşasar, ýagny Danyýele bir ylham geldi. Bu ylham hakykatdy we beýik bir urşuň boljakdygy baradady. Ol bu görnüşden many çykaryp, ylhama düşündi.

[2] Şol günler men Danyýel üç hepdeläp ýas tutdum.

[3] Üç hepde doly tamamlanýança, tagamly nahar iýmedim. Agzyma ne et, ne şerap degdi, bedenime hem hiç hili ýag çalmadym.

[4] Birinji aýyň ýigrimi dördünji güni men beýik derýanyň Tigr derýasynyň kenarynda durdum.

[5] Başymy galdyryp seretsem, ine, eginbaşy nepis zygyr matadan, bili sap altyndan kemerli biri durdy.

[6] Onuň bedeni sary ýakut ýalydy, ýüzi ýyldyrym ýaly öwşün atýardy. Gözleri ýanyp duran şamçyrag, gollary we aýaklary ýalpyldawuk bürünç ýaly ýalpyldaýardy, sesi uly mähelläniň galmagaly ýalydy.

[7] Men Danyýel ol görnüşi ýeke özüm gördüm. Meniň ýanymdakylar muny görmediler, gaýtam olary elhenç gorky gaplap aldy, olar gizlenmek üçin gaçyp gitdiler.

[8] Şeýdip, men ýeke galdym. Bu beýik görnüşi görenimde, mende güýç galmady, ýüzümde reňk-pet galmady, men takatdan düşdüm.

[9] Soňra men onuň sesiniň owazyny eşitdim. Geplände onuň sesini eşidip, huşumdan gitdim we ýere ýüzin ýykyldym.

[10] Şonda bir el maňa galtaşyp, dyzyma galdyrdy.

[11] Ol maňa: «Danyýel, sen jandan eziz söýülýänsiň. Meniň saňa aýtjak sözlerime gulak goý. Tur, aýaga gal, çünki men seniň ýanyňa iberildim» diýdi. Ol bu sözleri aýdanda, men titräp ýerimden galdym.

[12] Ol sözüni dowam edip, maňa şeýle diýdi: «Danyýel, gorkma, çünki düşünmegi ýüregiňe düwen we Hudaýyňyň öňünde özüňi pespäl tutan ilkinji günüňden başlap, seniň sözleriň diňlendi we men seniň sözleriň sebäpli geldim.

[13] Emma Pars patyşalygynyň serdary ýigrimi bir günläp maňa garşy durdy. Şol wagt baş serdarlardan biri bolan Mikaýyl maňa kömege geldi. Men ol ýerde Pars patyşalary bilen galypdym.

[14] Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».

[15] Ol maňa bu sözleri aýdýarka, men ýüzümi aşak salyp, dilim tutuldy.

[16] Şol wagt ynsana meňzeş biri dodaklaryma elini degirdi. Men agzymy açyp geplemäge başladym, öňümde durana ýüzlenip, şeýle diýdim: «Eý, jenabym, bu görnüş zerarly men dert çekdim, mende güýç-kuwwat galmady.

[17] Guluň bolan men seniň ýaly jenabym bilen nädip gepleşeýin? Mende güýç-gurbat galmady, demim tutuldy».

[18] Onsoň ýaňky ynsana meňzeş bolan ýene-de maňa elini degirdi, meni güýçlendirdi.

[19] Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.

[20] Soňra ol maňa şeýle gürrüň berdi: «Meniň näme üçin seniň ýanyňa gelendigimi bilýärsiňmi? Indi men pars serdary bilen söweşmäge yzyma dolanmaly. Men gidenimden soň, Gresiýanyň serdary geler.

[21] Emma men saňa hakykat kitabynda näme ýazylanyny aýan edeýin. Maňa olara garşy söweşmäge serdaryňyz Mikaýyldan başga hiç kim goldaw bermedi.

Danyýel — Chapters