Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:48

[1] Ýaryň nirä gitdi, eý, gözelleriň gözeli? Haýsy ýana ýöneldi ol? Ony yzlaly seniň bilen.

[2] Ýarym öz bagyna, atyr saçýan gülhanasyna, baglarda sürüsini bakmaga, çigildemler ýygmaga gitdi.

[3] Ýarym meniňki, men onuňky; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.

[4] Eý, dildarym, Tirsa şäheri deý gözelsiň sen, hoşroýsyň Iýerusalim deý, tugly goşun deý şöwketli.

[5] Gözleriňi menden sow, men olara bendi! Gilgat dagyndan inip gelýän geçi sürüsine ogşaýar saçyň.

[6] Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.

[7] Bürençekde gizlenen ýaňaklar enara meňzeýär.

[8] Şanyň altmyş aýaly bar hem segsen gyrnagy, gyzlar-da san-sajaksyzdyr.

[9] Gögerçinimiň, päkizämiň bolsa deňi-taýy ýok, enesiniň eziz gyzy ol, naýbaşysy ol. Gyzlar ony görüp, oňa bagtly diýdiler; şa aýallarydyr gyrnaklary ony öwdüler.

[10] Şapak deý ýalpyldaýan, Aý dek gözel, Gün deý parlaýan, tugly goşun deý şöwketli kim bu?

[11] Jülgäniň hasylyna seretmäge, üzüm baglarynyň gunçalaryny, narlaryň güllerini görmäge hoz bagyna gitdim.

[12] Bilmän galdym, isleg-hyjuwym meni nädip şanly halkymyň söweş arabalaryna mündürdi.

Nagmalar — Chapters