Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:40

[1] Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin.

[2] Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde.

[3] Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez.

[4] Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda.

[5] Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady.

[6] Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen.

[7] Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň!

[8] Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär.

[9] Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär.

[10] Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli.

[11] Gyş ötdi, ýagyş-da diňdi.

[12] Ýerde güller açylyp, nagma pursady geldi. Ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär.

[13] Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli».

[14] Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr.

[15] Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar.

[16] Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol.

[17] Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol!

Nagmalar — Chapters