[1] Neneňsi gözel sen, dildarym, neneňsi gözel! Bürenjegiň astynda gögerçin gözlim. Gilgat dagyndan inip gelýän geçileriň sürüsine ogşaýar saçyň.
[2] Gyrkylyp, suwdan çykyp gelýän goýun sürüsine ogşaýar dişleriň. Ählisi ekizlidir, ýalky däldir olar.
[3] Gyrmyzy sapak deý dodaklaryň, agzyň-da ne ajaýyp. Bürençekde gizlenen ýaňaklaryň enara meňzeýär.
[4] Dawudyň gorhana diňidir boýnuň, müň gerçegiň galkany asylgydyr ondan.
[5] Maýsalykda otlaýan ekiz jeren owlagyna ogşaýar iki göwsüň.
[6] Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, mür dagyna, ýakymly ysly tütetgi baýryna giderin.
[7] Katdy-kamatyň neneňsi gözel, eý, dildarym! Sende hiç bir kemlik ýok.
[8] Liwandan bile gideli, eý, gelinligim; Liwandan meniň bilen gaýt! Amana depesinden, Senir, Hermon depelerinden, şirleriň sürenlerinden, gaplaňly daglardan aşyp gel.
[9] Eý, ezizim, gelinligim, köňlümi maýyl etdiň, gözleriň bilen bir bakyşda, boýnuň hünjüsiniň biri bilen köňlümi maýyl etdiň.
[10] Ne şirin söýgiň seniň, eý, ezizim, gelinligim! Yşkyň şerapdan, atyryňyň hoşboý ysy ähli hoşboý ysly zatlardan lezzetlidir!
[11] Dodaklaryňdan bal damýar, eý, gelinligim; bal bilen süýt bar diliň astynda; lybaslaryňyň ýakymly ysy Liwanyň hoşboý ysy deý.
[12] Eý, ezizim, gelinligim, sen bir gapysy ýapyk bagsyň, agzy ýapyk guýusyň, möhürlenen çeşmesiň.
[13] Nahallaryň nar bakjasydyr: saýlama miweleri bilen, hyna hem nard atyrlary bilen,
[14] atyrdyr zagpyran bilen, ysly gamyşdyr dalçyn bilen, dürli ýakymly ysly agaçlar bilen, hoşboý mürdür ahalot bilen, dürli hoşboý ysly zatlar bilen.
[15] Sen bag çeşmesisiň, şypaly suw guýusysyň, Liwanyň akar suwusyň.
[16] Oýan, eý, demirgazyk ýeli! Gel, eý, günorta ýeli! Bagymyň üstünden öwüs, onuň atyr ysy çar tarapa ýaýrasyn. Ýarym öz bagyna gelsin, saýlama miwelerini iýsin!