[1] Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.
[2] Soňra Bowaz galanyň ýaşulularyndan on adamy çagyrdy-da, «Geliň, ýanymda oturyň» diýdi. Olar oturdylar.
[3] Bowaz ýaňky ýakyn hossaryna: «Mowap ýurdundan yzyna gelen Nagomy doganymyz Elimelegiň ýer paýyny satjak bolýar.
[4] Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi.
[5] Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi.
[6] Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.
[7] Haýsydyr bir zada eýe çykylanda ýa-da ýer başga biriniň adyna geçirilende, muny makullamak üçin ozallar Ysraýylda şeýle däp bardy: taraplaryň biri aýakgabynyň bir taýyny çykaryp, beýlekä uzadardy.
[8] Şoňa görä ýaňky ýakyn hossary Bowaza: «Seniň özüň satyn alaý» diýip, aýakgabyny çykardy.
[9] Bowaz ýaşululara, derwezäniň agzyndaky adamlara: «Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emlägini Nagomydan meniň satyn alandygyma bu gün siz şaýatsyňyz.
[10] Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.
[11] Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, Reb seniň öýüňe geljek aýaly Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrat urugynyň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtullahama dolsun!
[12] Şu gelniň üsti bilen Rebbiň saňa berjek perzentlerinden dörejek nesil Tamaryň Ýahuda dogrup beren ogly Peresiň nesli ýaly bolsun!» diýdiler.
[13] Bowaz Ruta öýlendi. Ol onuň ýanyna girdi; Rut Rebbiň merhemeti bilen göwreli boldy we bir ogul dogurdy.
[14] Aýallar Nagoma: «Rebbe alkyş bolsun! Ol bu gün seni hossarsyz goýmady. Dünýä inen bu oglanyň ady Ysraýylda uly hormata eýe bolsun!
[15] Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.
[16] Nagomy çagany alyp, gujagyna gysdy we oňa eneke boldy.
[17] Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagomy üçin bir ogul doguldy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.
[18] -
[22] Peresiň nesilleri şulardyr: Peresden Hesron, Hesrondan Ram, Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon, Salmondan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý, Ýyşaýdan bolsa Dawut dünýä indi.