[1] Ganhor şäheriň dat gününe! Kezzaplykdan, oljalardan dolusyň, tükenmezdir seniň talaňçylygyň!
[2] Gamçy sesi, araba tigirleriniň takyrdysy, çapýan atlaryňdyr söweş arabalarynyň tapyrdysy!
[3] Atly goşun hüjüm edýär, gylyç ýalpyldap, naýza bark urýar. Üýşmek-üýşmek jesetler, san-sajaksyz läşler, maslyklara büdreýärler!
[4] Bularyň bary zynahorlyk edendigiň üçin, jadygöýligiň bilen halklary heläkçilige eltendigiň üçin, jadylyk bilen milletleri gul edendigiň üçin, gözbagçylyk bilen halklary özüňe çekendigiň üçin boldy.
[5] Hökmürowan Reb: «Men seniň duşmanyňdyryn, eý, Ninewe halky!» diýýär. «Eşigiňi sypyryp, milletlere ýalaňaçlygyňy görkezerin, patyşalyklara aýbyňy açaryn.
[6] Üstüňe nejislik ýagdyryp, ile ryswa ederin, tomaşa öwrerin.
[7] Seni görenleriň bary gaçyp, şeýle diýerler: „Ninewe haraba öwrüldi, Kim onuň ýasyny tutar?“ Saňa teselli berjekleri nireden tapaýyn?»
[8] Töweregi suw bilen gurşalan, Niliň kenaryndaky deňiz galaly, suw berkitmeli No-Amondan niräň artyk?
[9] Efiopiýa bilen Müsür onuň çäksiz güýjüdi, Put we Liwiýa onuň kömekçileridi.
[10] Emma şonda-da No-Amon halky tutulyp sürgün edildi, çagalary her köçäniň başynda daşa urlup öldürildi. Onuň emeldarlary üçin bije atyldy, beýik adamlar zynjyrlandy.
[11] Sen hem, eý, Ninewe, serhoş bolup, huşuňdan gidip ýykylarsyň, duşmanlardan özüňe pena agtararsyň.
[12] Ähli galalaryň injir agajynyň ilki ýetişen miwesi kimindir; silkelenende, iýýäniň agzyna düşýär.
[13] Esgerleriňe seret, olar araňyzda heleý ýalydyrlar! Ýurduňyň derwezeleri duşmanlaryňa gujak açýar, derwezäň kiltleri küle öwrüldi.
[14] Gabaw döwri üçin suw çek, galalaryňy berkit, laýy depeläp, palçygy eýle, kerpiç galybyny taýýynla!
[15] Şol ýerde ýanyp kül bolarsyň, sen gylyçdan ölersiň, seni çekirtgäniň ekini ýalmaýşy dek ýalmar. Çekirtgelerçe köpel, teneçirlerçe örňe!
[16] Söwdagärleriň sanyny köpeltdiň, olar göklerdäki ýyldyzlardan-da köp, emma olar çekirtge deý ülkäňi talap, uçup gidýärler.
[17] Goragçylaryň teneçirler, baştutanlaryň çekirtge sürüleri ýaly, olar Günüň sergin çagynda haýatlarda ornaşyp, Gün dogan badyna gaýyp bolýarlar, niredediklerini bilýän ýokdur.
[18] Eý, Aşur şasy, baştutanlaryň gözleri ýumlandyr. Tanymal adamlaryň uka gidendir, halkyň daglara dagady, olary bir ýere jemläre hiç kim ýok.
[19] Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?