Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:57

[1] Eý, Ninewe, ýumrujy garşyňa çykdy, galalaryňy gora, ýoly garawulla. Biliňi berk guşap, bar güýjüňi jemle.

[2] Duşmanlar Ysraýyly talap, haraba öwrüp, üzüm şahalary dek sypyran bolsalar-da, Reb Ýakubyň şöhratyny, Ysraýylyň beýikligini öňküsi ýaly dikelder.

[3] Duşman söweşijileriň galkany çym gyzyldyr, esgerleriniň lybasy goýy gyrmyzydyr. Taýýarlyk gününde söweş arabalarynyň tigirleri ot saçýar, san-sajaksyz naýzalar howada galgaýarlar.

[4] Söweş arabalary köçelerde dälirän dek çapyşýarlar, meýdançalarda çar tarapa çarp urýarlar. Şamçyraglar kimin şugla saçyp, ýyldyrym deýin okdurylýarlar.

[5] Ninewe şasy saýlama esgerlerini toplaýar, olar ýolda büdreýärler, hüjüm edýänler gala tarap okdurylýarlar. Germewler gurulýar,

[6] derýa derwezeleri açylýar, köşk opurylýar.

[7] Aýdylan berjaý boldy, şäher sürgün edildi, kenizleri gumry deýin nalap, gursaklaryna urdular.

[8] Suwy akyp gidýän howdan ýalydyr Ninewe, «Duruň, duruň!» diýip gygyryşýarlar, emma yza bakýan ýokdur.

[9] Kümşi talaň, Altyny talaň! Tükeniksiz hazyna! Ummasyz baýlyk!

[10] Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.

[11] Arslanlaryň sürenine, ýaş arslanlaryň ýerine näme boldy? Arslanlaryň barýan, çaga arslanlaryň gorkusyz gezýän ýerine näme boldy?

[12] Arslanlar öz çagalary üçin ýeterlik aw awladylar, ene arslanlar üçin awuny bogup öldürdiler, gowaklaryny awdan, sürenlerini oljadan doldurdylar.

[13] «Men saňa duşmandyryn». «Söweş arabalaryňy tütedip ýakaryn, ýaş şirleriň gylyçdan gyrlarlar, ýer ýüzünden toplan oljalaryňy ýok ederin, çaparlaryňyň sesi eşidilmez asla». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

Nahum — Chapters