Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:26

[1] Habakuk pygambere aýanlyk arkaly gelen pygamberlik.

[2] Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, ýöne Sen halas etmeýäň.

[3] Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.

[4] Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, adalata ýol ýok. Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, şeýdibem, hakykat ýoýulýar.

[5] «Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde etjek işimi eşideniňizde, gulagyňyza ynanmarsyňyz.

[6] Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän rehimsiz we zalym babyl milletini size garşy öjükdirerin.

[7] Aýylganç hem gorkunçdyrlar, öz düzgünlerine görä hereket edýärler.

[8] Atlary barsdan ýüwrük, özlerem gijeki aç gurtdan guduz. Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.

[9] Zulum etmekde olaryň hyýaly, çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar. Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.

[10] Patyşalary masgaralaýarlar, hökümdarlary ýaňsylaýarlar, galalaryň üstünden gülýärler, ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.

[11] Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleri».

[12] Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.

[13] Pisligi görerden päkdir gözleriň, ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen. Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýaň, erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen nämä dymýaň?

[14] Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.

[15] Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.

[16] Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýarlar, çünki tory olary lezzetli durmuş, bol saçak bilen üpjün edýär.

[17] Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?

Habakuk — Chapters