[1] Pygamber Habakugyň Şigýonot boýunça dilegi.
[2] Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, biziň günlerimizde olary aýan et, gazap içindekäň rehim etmegi unutma.
[3] Hudaý Teýmandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.
[4] Onuň ýagtysy Gün kimindir, elleri nur saçýandyr, gudratynyň syry elindedir.
[5] Onuň öňünden gyrgyn keseli, yzyndan ölüm gitdi.
[6] Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi. Gojaman daglar kül boldy, gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.
[7] Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm, Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi.
[8] Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, gazabyň deňizlere garşymydy?
[9] Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň.
[10] Seni görüp, daglar titreşdi, siller joşdy, çuňluklar seslenip, tolkunlar möwç urdy.
[11] Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.
[12] Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, milletleri gahar bilen depelediň.
[13] Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela
[14] Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.
[15] Atlaryň bilen deňizden geçip, joşgunly suwlary köpükletdiň.
[16] Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.
[17] Injir agajy güllemese-de, üzüm agaçlary miwe getirmese-de, zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, dowar agyllary boş galyp, ýataklar mal-garasyz bolsa-da,
[18] men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.
[19] Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr, aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip, Meni belentliklerde gezdirýär. Horuň baştutanyna: kirişli saz gurallary bilen.