Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:13

[1] Amonyň ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalyk sürýän döwründe Kuşynyň ogly, Gedalýanyň agtygy, Amarýanyň çowlugy, Hizikiýanyň ýuwlugy Sepanýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.

[2] «Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek. Ynsanu-haýwany, gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, ynsany ýer ýüzünden ýok etjek». Muny Reb aýdýandyr.

[4] «Ýahuda, hatda Iýerusalime garşy el galdyraryn, Bagal hudaýynyň gullaryny gyraryn, Butparaz ruhanylary ýok ederin.

[5] Tamyň üçeginde asman jisimlerine sežde edýänleri, Rebbe sežde edip, Ondan ant içýänleri, Molek butundan ant içýänleri,

[6] Rebden ýüz öwrenleri, Rebbi agtarmaýanlary, Ondan maslahat almaýanlary bu ýerden ýok ederin».

[7] Hökmürowan Rebbiň huzurynda dym! Çünki Rebbiň güni golaýdyr, Reb gurbanlyk taýynlady, çagyranlaryny päkläp mukaddes etdi.

[8] «Şol gurbanlyk güni Men hökümdarlary, şazadalary, ýat adatlara eýerýänleri jezalandyraryn.

[9] Şol gün galp hudaýlara sežde edýänleri, Öz hudaýlarynyň buthanasyny zulum hem hileden doldurýanlaryň baryny jezalandyraryn».

[10] Reb şeýle diýýär: «Şol gün Balyk derwezesinden ahy-nala, şäheriň täze böleginden dady-perýat, baýyrlardan güňleç ses eşidiler.

[11] Eý, bazaryň golaýynda ýaşaýanlar, perýat ediň! Ähli söwdagärleriňiz ýok ediler, kümüş ölçeýänleriňiziň bary gyrlar.

[12] Şonda Men Iýerusalimi çyra bilen agtaryp, düýbüne çöken şerap löderesi deýin çöküp, içlerinden: „Reb ne ýagşylyk, ne-de ýamanlyk eder“ diýip, tekepbirlik edýänleri jezalandyraryn.

[13] Mal-mülkleri olja bolar, jaýlary haraba döner, jaý salynsalar-da, ýaşamazlar onuň içinde, üzüm agaçlaryny oturdarlar, emma olaryň şerabyndan içmezler».

[14] Golaýdyr Rebbiň höküm güni, golaýdyr, Ine, ýetip gelýändir ol. Hasratlydyr Rebbiň şol güni, batyr esger ajy perýat eder.

[15] Şol gün – gazap güni, betbagtçylyk, muşakgat güni, weýrançylyk we harabalyk güni, garaňkylyk we gam-gussa güni, bulutly we tüm garaňkylyk güni bolar.

[16] Galalara we beýik diňlere hüjüm edilip, uruş surnaýy çalnyp, duýduryş beriljek gündür ol.

[17] Men ynsanlaryň başyna muşakgat indererin. Olar kör adam kimin ýörärler, ganlary suw deýin döküler, bedenleri ders kimin çüýrär, çünki olar Rebbe garşy günä etdiler.

[18] Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.

Sepanýa — Chapters