[1] Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýahudylara Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler.
[2] Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.
[3] Şol bir wagtda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we ýaranlary olaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?»
[4] Şeýle hem olardan: «Bu binany gurýanlaryň atlary kim?» diýip soradylar.
[5] Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler.
[6] Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaýyň, Şetar Bozenaýyň we onuň ýaranlary bolan şol welaýatyň wekilleri patyşa Darýuşa hat ýazdylar.
[7] Hatyň mazmuny şeýledi: «Patyşa Darýuşa dogaýy salam!
[8] Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.
[9] Onsoň biz olaryň ýaşulularyndan: „Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?“ diýip soradyk.
[10] Şeýle hem biz Size habar bermek we olaryň ýaşulularynyň atlaryny ýazyp almak niýeti bilen olardan atlaryny soradyk.
[11] Olar bize şeýle jogap berdiler: „Biz Ýeriň we Gögüň Hudaýynyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy.
[12] Emma atalarymyzyň Gögüň Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi.
[13] Ýöne Babyl patyşasy Kureş öz patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaýyň bu öýüni täzeden gurmaly diýip buýruk berdi.
[14] Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy. Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi.
[15] Kureş patyşa oňa: ‘Bu gap-gaçlary al-da, Iýerusalimdäki ybadathana eltip goý hem-de Hudaýyň öýüni öňki ýerinde gurdur’ diýdi.
[16] Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.
[17] Şonuň üçinem eger patyşa makul bilse, Babylyň şalyk arhiwlerinde barlag geçirdip, Kureş patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga ýörite buýruk berendigini ýa-da bermändigini anyklatsyn. Bu iş barada patyşa öz islegini bize bildirsin».