Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:34

[1] Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:

[2] «Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: „Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi.

[3] Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, goý, Hudaýy onuň bilen bolsun. Olar Ýahudanyň Iýerusalim şäherine gitsin-de, Ysraýyl Hudaýy Rebbe – Iýerusalimdäki Hudaýa ybadathana gursun.

[4] Kim nirede galan bolsa, şol ýeriň ilaty olara Iýerusalimdäki Hudaýyň öýi üçin berjek meýletin sadakalaryndan daşary altyn, kümüş, emläk we mal-gara bilen ýardam etsin“».

[5] Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.

[6] Olaryň töweregindäki ýerli ilat bolsa altyn, kümüş gaplar, emläk, mal-garalar, gymmatbaha zatlar we ýene-de ybadathana üçin meýletin sadakalar hem berip, olara ýardam etdi.

[7] Kureş patyşanyň özi Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki Rebbiň ybadathanasyndan äkidip, öz hudaýlarynyň buthanasynda goýan gap--gaçlaryny çykaryp getirdi.

[8] Kureş patyşa bu zatlary hazynaçy Mitredata çykartdy we ol ähli gap-gaçlary sanap, olary Ýahudanyň häkimi Şeşbasara gowşurdy. Ol zatlar şulardan ybaratdy: otuz altyn okara, müň kümüş okara, ýigrimi dokuz kümüş jam, otuz altyn şakäse, dört ýüz on başga hili kümüş şakäse we müň beýleki gap-gaçlar.

[11] Altyndyr kümüşden ýasalan gap-gaçlaryň ählisiniň jemi bäş müň dört ýüzdi. Sürgün edilenler Babyldan Iýerusalime gaýdyp gelenlerinde, Şeşbasar bu gap-gaçlaryň hemmesini öz ýany bilen getirdi.

Ezra — Chapters