Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:12

[1] Sürgünden gaýdyp gelenleriň Rebbiň ybadathanasyny gurýandyklaryny eşiden Ýahudanyň we Benýaminiň duşmanlary Zerubabylyň we urugbaşylaryň ýanyna gelip, olara: «Bizem siz bilen bile guraýaly, çünki biz hem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris. Bizi bu ýere getiren Aşur patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri, biz Oňa gurbanlyk berip gelýäris» diýdiler.

[3] Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.

[4] Onsoň bu ýurduň ilaty ýahuda halky Rebbiň öýüni gurup ýörkä, olary gorkuzyp, ellerini işden sowatdylar.

[5] Ýahudalaryň niýetlerini amala aşyrtmazlyk üçin, olaryň garşysyna maslahatçylar tutdular. Bu ýagdaý Pars patyşalary Kureşiň patyşalyk eden döwründen tä Darýuşyň döwrüne çenli dowam etdi.

[6] Kserksiň döwründe ol patyşalyk edip başlan badyna, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny aýyplap, oňa hat ýazdylar.

[7] Artakserksiň patyşalygy döwründe-de Bişlam, Mitredat, Tabeýel we olaryň ýaranlary Pars patyşasy Artakserkse hat ýazdylar. Hat arameý dilinde ýazylyp, terjime edildi.

[8] Rehum häkim we Şimşaý mürze dagy Iýerusalimi ýamanlap, patyşa Artakserkse hat ýazdylar.

[9] Şeýle-de Rehum serkerde, Şimşaý mürze, olaryň ýaranlary: häkimler, wekiller, emeldarlar, parslar, erekliler, babyllylar, Suzadaky eýlamlylar, beýik hem şöhratly Osnaparyň göçürip, Samariýanyň galalarynda we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýerleşdiren milletleri patyşa hat ýazdylar.

[11] Ine, olaryň iberen hatynyň nusgasy: «Patyşa Artakserkse: Siziň Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan gullaryňyz size salam ýollaýarlar.

[12] Ine, siziň ýanyňyzdan gaýdan ýahudylaryň biziň ýanymyza Iýerusalime gelendigini size mälim edýäris. Olar bu pitneçi we pis şäheri täzeden gurup ýörler. Olar binýatlary bejerip, diwarlary bitirip gelýärler.

[13] Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris.

[14] Köşgüň duz-çöregini iýýänligimiz üçin, olaryň biziň gözümiziň alnynda patyşany äsgermezlik etmeklerine ýol bermegiň bize gelişmejekdigi sebäpli, biz size hat üsti bilen habar ýollaýarys.

[15] Ata-babalaryňyzyň taryh ýazgylaryny barladyň. Taryh ýazgylarynda siz bu şäheriň pitneçi, patyşalara we welaýat häkimlerine zyýanly şäherdigine göz ýetirersiňiz. Irki döwürlerde-de bu şäherde gozgalaňlar turupdyr. Şol sebäplem ol haraba öwrüldi.

[16] Biz muny patyşa aýan edýäris. Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, onda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda siziň raýatlygyňyz bolmaz».

[17] Patyşa Rehum häkime, Şimşaý mürzä olaryň Samariýada we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan ýaranlaryna şeýle jogap iberdi:

[18] «Siziň bize ýollan hatyňyzyň terjimesi meniň huzurymda okaldy.

[19] Meniň buýruk bermegim bilen barlag geçirildi hem-de bu şäheriň geçmişde patyşalaryň garşysyna baş galdyrandygy we onda pitne, gozgalaň turandygy anyklanyldy.

[20] Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken.

[21] Şonuň üçin ol adamlara işi bes etmegi buýruň. Menden buýruk bolýança, bu şäher täzeden gurulmasyn.

[22] Ýöne bu işde seresap boluň, harsallyk etmäň, patyşalyga zyýan getirjek ýagdaý döremesin».

[23] Artakserks patyşanyň hatynyň nusgasy Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň we olaryň ýaranlarynyň öňünde okalan badyna, olar howlukmaçlyk bilen Iýerusalime ýahudylaryň ýanyna baryp, zorluk we güýç bilen olary işi togtatmaga mejbur etdiler.

[24] Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi.

Ezra — Chapters