Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:32

[1] Garry adamlary gödek ýazgarma-da, olara öz ataň kimin garap, sypaýylyk bilen öwüt-ündew ber. Ýaş ýigitlere öz doganlaryň ýaly,

[2] garry aýallara öz eneň ýaly, ýaş aýallara öz aýal doganlaryň ýaly garap, olara päk ýürekden öwüt-ündew ber.

[3] Ýalňyz galan dul aýallary syla.

[4] Emma dul aýalyň çagalary ýa agtyklary bar bolsa, goý, olar onuň aladasyny etsinler. Goý, olar ozal özleri barada alada eden ene-atalaryna hormat goýsunlar. Çünki bu Hudaýyň halaýanydyr.

[5] Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.

[6] Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir.

[7] Şonuň üçin-de, dul aýallaryň müýnsüz bolary ýaly, olara bu ýazan tabşyryklarymy buýur.

[8] Kimde-kim öz dogan-garyndaşlarynyň, ylaýta-da öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, imandan dändigidir. Şeýle adam imansyzdan hem beterdir.

[9] Dul aýal altmyş ýaşdan geçen bolsa, ömründe diňe bir gezek durmuşa çykan bolsa, ýygnak onuň adyny dullar sanawyna ýazsyn.

[10] Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.

[11] Ýaş dul aýallaryň adyny bu sanawa goşma. Sebäbi olaryň ten heseri Mesih e bolan sadyklygyndan üstün gelse, durmuşa çykmak islärler.

[12] Şonda ozal Mesih e eden wadalaryny unudandyklary zerarly, olar jeza sezewar bolarlar.

[13] Mundan başga-da, olar öýden-öýe aýlanyp, bikär gezmäge endik ederler. Bikärlikleri bilen hem çäklenmän, gelşiksiz gepleri agza alyp, başgalaryň işine gatyşýan gybatkeşler bolarlar.

[14] Şonuň üçin-de, men ýaş dul aýallaryň durmuşa çykyp, çaga dogurmaklaryny we öý işlerine gümra bolmaklaryny ündeýärin. Şonda duşmanlarymyzyň olara myjabat atmaga tutarygy bolmaz.

[15] Sebäbi olaryň käbiri şeýtanyň gepine gulak gabardyp, eýýäm ýoldan çykdylar.

[16] Eger imanly aýalyň garyndaşlarynyň arasynda dul galan aýallar bar bolsa, goý, ol şolaryň aladasyny etsin, ýygnaga agram salmasyn. Ýygnak bolsa maddy kömegini mätäçlik çekýän ýalňyz dul aýallara bersin.

[17] Ýygnagy oňat dolandyrýan ýolbaşçylar, ylaýta-da wagyz edip, taglymaty öwretmekde zähmet çekýänler, iki esse hormata laýyk görülsin.

[18] Çünki Mukaddes Ýazgylar: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň», «Işgär öz hakyna mynasypdyr» diýýär.

[19] Iki ýa üç şaýat bolmasa, ýygnagyň ýolbaşçysy hakdaky aýyplamany kabul etme.

[20] Günäli çykanlary bolsa köpçüligiň öňünde paş et. Goý, bu beýlekilere hem sapak bolsun.

[21] Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesih iň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.

[22] Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.

[23] Mundan beýläk diňe suw içmän, az-kem şerap hem iç. Bu aşgazanyňa we ýygy-ýygydan gaýtalanýan nähoşlugyňdan saplanmaga ýardam berer.

[24] Käbir adamlaryň günäleri göz--görtele bolup, olar kyýamat gününden öň äşgärdir. Käbirleriniň günäsi bolsa wagtyň geçmegi bilen äşgär bolýar.

[25] Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.

1 Timoteos — Chapters