Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:32

[1] Şoňa görä, eý, Timoteos, ilki bilen şulary ündeýärin: hemmeler üçin doga--dileg ediň, olar üçin Hudaýa ýalbaryň, Oňa minnetdarlyk bildiriň.

[2] Parahat we gep-gürrüňsiz, her zatda Hudaýyň ýörelgesine eýerip, edepli ýaşap bilerimiz ýaly, patyşalar we ygtyýarlylaryň ählisi üçin doga-dileg ediň.

[3] Bu haýyrlydyr, Halasgärimiz Hudaýyň halaýanydyr.

[4] Ol hemme adamlaryň hakykaty bilip, halas bolmagyny isleýändir.

[5] Çünki ýeke-täk bir Hudaý bardyr. Hudaý bilen adamlaryň arasynda hem ýeke-täk bir Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan Isa Mesih dir.

[6] Isa Mesih hemmeleri azat etmek üçin, Özüni gurban etdi. Şeýdip, Ol Hudaýyň niýetini tassyklady. Hudaýyň niýeti bolsa gelejekde her bir adamy Öz bellän wagtynda halas etmekden ybaratdyr.

[7] Hut şu maksat üçin, men jarçy we resul edilip bellendim. Dogrymy aýdýaryn, sözlerimde asla ýalan ýokdur: men ýahudy dällere iman baradaky hakykaty öwretmäge bellendim.

[8] Şoňa görä-de, erkekleriň gaharlanman, jedelleşmän, ähli ýerde ellerini galdyryp, päk ýürekden doga--dileg etmeklerini isleýärin.

[9] Aýallar hem saçlaryny gereginden artyk owadanlamasynlar, özlerini tylla we merjen şaý-sepleri, gymmatbaha eginbaşlary bilen bezemesinler. Tersine, sada geýnip, asyllylyk we haýa bilen

[10] öz ýagşy işlerine beslensinler. Hudaýyň ýörelgelerine eýerýändiklerini ykrar edýän aýallara şeýle etmek ýaraşýandyr.

[11] Aýal ýygnakda öwredilýän zatlary ümsüm we doly tabynlykda öwrensin.

[12] Aýalyň ýygnakda öwretmegine, erkegiň üstünden agalyk sürmegine ygtyýar bermeýärin. Ol sessiz-üýnsüz bolsun.

[13] Çünki ilki Adam ata, onsoň How ene ýaradyldy.

[14] -

[15] Aldananam Adam ata däldi. Aýal aldanyp, günä gazandy we näletlenip, dogrum burgularyna sezewar edildi. Emma aýal iman edip, söýgi we halallyk ýörelgelerine eýerse, bu nälete garamazdan halas ediler.

1 Timoteos — Chapters