Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:56

[1] «Kim ýygnagyň ýolbaşçysy bolmagy ýüregine düwen bolsa, asylly işe ymtylýandyr» diýip aýdylan söz gaty dogrudyr.

[2] Şoňa görä-de, ýygnagyň ýolbaşçysy müýnsüz, ömründe diňe bir gezek öýlenen, her zatda özüne erk edip bilýän, pähimli, abraýly, myhmansöýer, öwretmäge ukyply,

[3] şeraba höwesjeň däl, zalym däl-de, mylaýym, dawa-jenjelden gaça durýan, pula gyzmaýan adam bolmalydyr.

[4] Ol öz öýüni oňat dolandyrmaly, çagalarynyň hormatyny gazanyp, olara öz diýenini etdirmelidir.

[5] Sebäbi öz öýüni dolandyryp bilmeýän adam, heý-de Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny edip bilermi?!

[6] Ýygnagyň ýolbaşçysy ýaňy-ýakynda iman getireniň biri bolmaly däldir. Ýogsa ol tekepbirlige ýüz urup, iblisiň sezewar edilen jezasyna uçramagy ahmal.

[7] Biabraýlyga uçramaz ýaly we iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň daşyndaky adamlaryň arasynda hem sylanylýan bolmalydyr.

[8] Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem sylanýan, ikiýüzli däl, şeraba ýykgyn etmeýän, gara nebsine çapmaýan adamlar bolmalydyr.

[9] Olar päk wyždanly bolup, Hudaýyň bize Isa Mesih barasynda aýan eden hakykatyna eýermelidir.

[10] Ýygnagyň hyzmatçylary bellenilmezden öňürti synalsyn. Eger müýnsüz bolup çyksalar, goý, hyzmat edibersinler.

[11] Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçy aýallary hem hormatlanýan, gybat etmeýän, tersine, özlerine erk edýän we her zatda ynamdar bolmalydyr.

[12] Ýygnagyň hyzmatçylary öz aýallaryna biwepalyk etmeýän, çagalaryny we öýlerini oňat dolandyrýan adamlar bolsunlar.

[13] Oňat hyzmat edýän hyzmatçylar adamlaryň hormatyna mynasyp bolup, Isa Mesih e bolan imanlary barada ynamly gürläp bilýändirler.

[14] Eý, Timoteos! Men tiz wagtda seniň ýanyňa bararyn umydy bilen şu ündewleri ýazýaryn.

[15] Ýöne bardy-geldi eglenmeli bolaýsam, sen Hudaýyň maşgalasynyň, ýagny hakykatyň binýady we diregi bolan diri Hudaýyň ýygnagyndaky adamlaryň özlerini nähili alyp barmalydygyny bilmelisiň.

[16] Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.

1 Timoteos — Chapters