[1] Mähribanlarym, özünde Hudaýyň Ruhunyň bardygyny aýdýan her bir adama ynanyp ýörmäň. Olaryň Hudaýdandygyny ýa-da däldigini bilmek üçin synagdan geçiriň. Sebäbi dünýäde ençeme galp pygamberler peýda boldy.
[2] Hudaýyň Ruhunyň bardygyny, ine, şundan bilersiňiz: olar Isa Mesih iň, hakykatdanam, ynsan bolup gelendigini ykrar edýärler.
[3] Muny ykrar etmeýän adam Hudaýdan däldir. Bu adam Mesih iň duşmanydyr. Siz bu duşmanyň geljekdigini eşidensiňiz. Ine, ol eýýäm bu dünýädedir.
[4] Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.
[5] Olar bu dünýä degişlidirler, olaryň gepi hem bu dünýäniň garaýşyna laýykdyr, şonuň üçin dünýä olara gulak asýar.
[6] Biz bolsa Hudaýa degişlidiris. Kim Hudaýy tanaýan bolsa, bize gulak asar. Kim Hudaýdan bolmasa, bize gulak asmaz. Hakyky Ruh bilen ýalan ruhy, ine, biz şeýdip saýgarýarys.
[7] Mähribanlarym, biri-birimizi söýeliň, çünki söýgi Hudaýdandyr. Kim söýýän bolsa, Hudaýyň perzendidir, ol Hudaýy tanaýandyr.
[8] Kim söýmeýän bolsa, Hudaýy tanaýan däldir, sebäbi Hudaý söýgüdir.
[9] Bize Hudaýyň söýgüsi, ine, şundan aýan boldy: Hudaý bize ýaşaýyş bermek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny dünýä iberip, Öz söýgüsini aýan etdi.
[10] Biz Hudaýy däl-de, ilki Hudaý bizi söýdi. Ol biziň günälerimizi päklemek üçin, Öz Ogluny gurbanlyk hökmünde iberdi. Ine, hakyky söýgi şudur.
[11] Mähribanlarym, Hudaý bizi şeýle söýendigi üçin, biz hem biri-birimizi söýmelidiris.
[12] Hiç kim hiç haçan Hudaýy gören däldir. Emma biz biri-birimizi söýýän bolsak, onda Hudaý biziň bilen ýaşaýandyr, Onuň söýgüsi kalbymyza ornaşandyr.
[13] Hudaý biziň bilen we biziň hem Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.
[14] Biz Atanyň Öz Ogluny dünýäniň Halasgäri edip iberendigini gördük we muňa şaýatlyk edýäris.
[15] Isanyň Hudaýyň Ogludygyny ykrar edýän her bir adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.
[16] Hudaýyň bize bolan çäksiz söýgüsine göz ýetirip, bu söýgä ynanýarys. Hudaý söýgüdir. Söýgüde ýaşaýan adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr.
[17] Şeýlelik bilen söýgi bizde kämilleşip, kyýamat güni bize ynam berer. Sebäbi biz bu dünýäde edil Mesih ýaly ýaşaýarys.
[18] Söýgüde gorky ýokdur. Tersine, kämil söýgi gorkyny kowup çykarýandyr. Kim kyýamat gününden gorkup ýaşaýan bolsa, onuň söýgüsi kämil däldir.
[19] Biz Hudaýy söýýäris, sebäbi ilki Ol bizi söýdi.
[20] Kim «Hudaýy söýýärin» diýip hem, öz doganyny ýigrenýän bolsa, ol ýalançydyr. Özüniň görüp duran doganyny söýmeýän adam görmedik Hudaýyny söýüp bilmez ahyry.
[21] Hudaý bize: «Hudaýy söýýän adam öz doganyny-da söýsün» diýip buýruk berdi.