[1] Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.
[2] Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.
[3] Eger Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän bolsak, onda Ony tanaýandygymyzy mälim edýäris.
[4] «Hudaýy tanaýaryn» diýibem, Onuň buýruklaryny berjaý etmeýän adam ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.
[5] Emma Hudaýyň sözüni berjaý edýän adamda Onuň söýgüsi hakykatdanam kämildir. Ine, biz Hudaý bilen ýaşaýandygymyzy şeýdip bilýäris.
[6] «Men Hudaýa sygynyp ýaşaýaryn» diýýän adam Isa Mesih iň ýaşaýşy ýaly ýaşamalydyr.
[7] Mähribanlarym, men size täze buýruk däl-de, ilkibaşdan berlen köne buýrugy ýazýaryn. Bu köne buýruk siziň öňki eşiden sözüňizdir.
[8] Emma meniň size ýazýan bu buýrugyma täze diýseň hem bolar, sebäbi bu buýrugyň hakykaty Mesih de we sizde aýan bolýar. Çünki tümlük ötüp barýar, hakyky nur bolsa eýýäm parlaýandyr.
[9] Özüniň nurda ýaşaýandygyny aýdyp-da, doganyny ýigrenýän adam henizem tümlükdedir.
[10] Doganyny söýýän adam nurda ýaşaýandyr, onda büdremäge sebäp bolup bilmez.
[11] Ýöne kim doganyny ýigrenýän bolsa, ol tümlükdedir. Ol tümlükde gezip, nirä barýanyny bilýän däldir, sebäbi tümlük onuň gözlerini kör edendir.
[12] Eý, balalar, size ýazýaryn: Mesih iň hatyrasyna günäleriňiz bagyşlandy.
[13] Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz şeýtany ýeňdiňiz.
[14] Eý, balalar, size ýazýaryn: siz Atamyz Hudaýy tanaýarsyňyz. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi kalbyňyza ornandyr. Siz şeýtany ýeňdiňiz.
[15] Dünýä we ondaky zatlara köňül bermäň. Dünýäni söýýän adamda Atanyň söýgüsi ýokdur.
[16] Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.
[17] Dünýä we onuň höwesleri geçer gider, emma Hudaýyň yradasyny berjaý edýän adam baky ýaşar.
[18] Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesih iň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesih e garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris.
[19] Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.
[20] Siziň hemmäňiz bolsa hakykaty bilýänsiňiz, çünki Isa Mesih size Mukaddes Ruhy berdi.
[21] Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony hut bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi hiç bir ýalanyň hakykat bilen umumylygy ýokdur.
[22] Onda ýalançy kim? Isanyň Mesih digini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesih iň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär.
[23] Ogly inkär edýän adamda Ata ýokdur. Emma Ogly ykrar edýän adamda welin Ata bardyr.
[24] Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz.
[25] Çünki Mesih bize baky ýaşaýşy wada berdi.
[26] Bu zatlary sizi azdyrjak bolýan adamlardan habardar bolmagyňyz üçin ýazdym.
[27] Emma Mesih iň size beren Mukaddes Ruhy özüňizde galýandyr, size öwretmegiň geregi ýok. Mukaddes Ruhuň size öwredýän her bir zady ýalan däl-de, hakykatdyr. Onuň size öwredişi ýaly, Mesih bilen ýaşamalysyňyz.
[28] Indi, eý, balalar, Mesih gelende ynamymyz bolup, Onuň huzurynda utanmaz ýaly, Onuň bilen ýaşalyň.
[29] Siz Mesih iň adyldygyny bilýänsiňiz, şonuň üçin adalaty berjaý edýän her bir ynsan Hudaýyň perzendidir.