Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:24

[1] Atamyz Hudaýyň bizi nähili güýçli söýýändigini bir görseňizläň! Ol bizi Öz perzentleri diýip atlandyrýar. Dogrudan-da, biz Onuň perzentleridiris! Dünýä Hudaýy tanamansoň, bizi-de tanamaýar.

[2] Mähribanlarym, biz indi Hudaýyň perzentleridiris. Biziň nähili özgerjekdigimiz entek belli däl, emma Mesih iň geljek pursadynda Oňa meňzejekdigimizi bilýäris, sebäbi Ony bolşy ýaly göreris.

[3] Oňa umyt baglaýan her bir adam Mesih iň päk bolşy ýaly, özüni päk saklar.

[4] Günä edýän adam Hudaýyň kanunyny bozýandyr. Sebäbi günä etmek Hudaýa baş galdyrmak ahyry.

[5] Mesih iň bolsa bizi günälerimizden saplamak üçin gelendigini bilýänsiňiz. Onda asla günä ýokdur.

[6] Mesih bilen ýaşaýan adam günäden ýüz öwrer. Emma henizem günä edýän adam Ony ne görýändir, ne-de tanaýandyr.

[7] Eziz balalarym! Hiç kime özüňizi aldatmaň! Mesih iň dogruçyl bolşy ýaly, dogry iş edýän adam hem dogruçyldyr.

[8] Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.

[9] Hudaýyň perzendi günä etmegini dowam etmez, sebäbi oňa Hudaýyň ýaşaýyş berýän güýji ornandyr. Indi günä etmez, sebäbi ol Hudaýyň perzendidir.

[10] Kimiň Hudaýyň perzendidigi, kimiň bolsa iblisiňkidigi şundan belli: dogry iş etmeýän we doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir.

[11] Siz biri-birimizi söýmelidigimiz barada owal-başdan eşidensiňiz.

[12] Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.

[13] Eý, doganlarym, eger dünýä sizi ýigrenýän bolsa, geň galmaň.

[14] Biz özümiziň ölümden ýaşaýşa gowşandygymyzy bilýäris, sebäbi doganlarymyzy söýýäris. Doganyny söýmeýän adam ölümiň penjesinde galýandyr.

[15] Doganyny ýigrenýän adam ganhordyr. Hiç bir ganhoryň bolsa baky ýaşaýşa gowuşmaýandygyny bilýänsiňiz.

[16] Isa Mesih biziň üçin Öz janyny pida edende, biz hakyky söýginiň nämedigini bildik. Diýmek, biz hem doganymyz üçin janymyzy pida etmäge taýýar bolmalydyrys.

[17] Dünýä malyna baý bolup, doganyny mätäçlikde görende, oňa ýüregi awamaýan adamda, heý-de, Hudaýyň söýgüsi bolup bilermi?

[18] Eziz balalar, hakyky söýgimizi ýöne bir gury gep bilen däl-de, iş ýüzünde amal bilen görkezeliň.

[19] -

[20] Şonda biz özümiziň hakykata degişlidigimizi bileris we Hudaýyň huzurynda biziň wyždanymyz päk bolar. Eger wyždanymyz bizi ýazgaraýsa-da, Hudaý ondan beýikdir, Ol hemme zady bilýändir.

[21] Mähribanlarym, eger wyždanymyz bizi ýazgarmasa, onda Hudaýyň huzurynda ynamly bolarys.

[22] Ondan näme dilesek alarys, sebäbi biz Onuň buýruklaryny berjaý edip, Ony hoşnut edýän işleri edýändiris.

[23] Biz Onuň Ogly Isa Mesih e iman etmelidiris we Isanyň buýruşy ýaly biri-birimizi söýmelidiris. Bu Hudaýyň buýrugydyr.

[24] Hudaýyň buýruklaryny berjaý edýän adam Hudaý bilen, Hudaý hem onuň bilen ýaşaýandyr. Hudaýyň biziň bilen ýaşaýandygyny Onuň her birimize beren Ruhundan bilýäris.

1 Ýohanna — Chapters