Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:46

[1] Eý, oglum, imanlylara häli-şindi şulary ýatladyp dur: goý, olar hökümdarlara we ygtyýarlylara gulak asyp, olara tabyn bolsunlar, islendik wagt ýagşylyk etmäge taýyn bolsunlar.

[2] Hiç kimi ýamanlamasynlar, dawa-jenjelden gaça durup, mylaýym we hemmelere ýumşak bolsunlar.

[3] Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.

[4] Emma Halasgärimiz Hudaýyň mähremligi, ynsana bolan söýgüsi äşgär bolanda,

[5] biz dogrulyga daýanyp eden işlerimiz arkaly däl-de, Onuň rehim-şepagaty arkaly halas edildik. Hudaý bizi Mukaddes Ruh arkaly özgerdip, gaýtadan dogluş arkaly tämizledi.

[6] Biz Hudaýyň merhemeti bilen aklanyp, Onuň baky ýaşaýşa umyt baglaýan mirasdüşerleri bolar ýaly, Hudaý bize Halasgärimiz Isa Mesih arkaly Mukaddes Ruhy boldan-‑bol eçildi.

[8] Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.

[9] Boş çekeleşiklerden, nesil daragtlary we Mukaddes Kanun hakdaky dawa-jenjellerden gaça dur. Sebäbi bular peýdasyz, biderek zatlardyr.

[10] Agzalalyk döredýän adama birki gezek öwüt-nesihat ber. Emma şonda-da pälinden gaýtmasa, ondan gaça dur.

[11] Beýle adamyň ýoldan azaşyp, günä edýändigini, höküm edilmä tutaryk berýändigini özüň-de bilýänsiň.

[12] Men Artamy ýa-da Tihiki seniň ýanyňa ýollamakçy. Olardan biri barandan soň, gaýrat edip, Nikopolise, meniň ýanyma geljek bol. Sebäbi men gyşy şu ýerde geçirmegi ýüregime düwdüm.

[13] Kanunçy Zenasy we Apollony ýola salmazdan öň, olaryň ýol şaýlarynyň gurat bolmagy barada alada et.

[14] Biziňkiler hem miwesiz ömür sürmez ýaly, mätäçlere ýardam bermek arkaly ýagşylyk etmegi adat edinsinler.

[15] Meniň ýanymdakylaryň ählisi saňa salam aýdýar. Sen hem bizi söýýän imanly doganlarymyzyň baryna salam aýt. Goý, Hudaýyň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!

Titus — Chapters