[1] Sen bolsa sagdyn taglymata laýyk gelýän zatlary öwret.
[2] Gojalara parasatly, hormata mynasyp, özlerine erk edip bilmekleri, iman, söýgi we sabyr-takat babatda sagdyn bolmaklaryny ünde.
[3] Şonuň ýaly, garry aýallar hem gybata, şeraba ýykgyn etmän, tersine, Hudaýyň halkyna gelişýän tärde ýaşap, hemmelere ýagşy zatlary öwretmeklerini ünde.
[4] Hudaýyň Hoş Habaryna dil ýetirilmez ýaly, goý, bu garry aýallar gelinlere öz ärlerini, çagalaryny söýmegi, özlerine erk etmegi, päk ahlakly, öýleri babatda yhlasly, mylaýym we ärlerine tabyn bolmagy öwretsinler.
[6] Ýaş ýigitlere hem özlerine erk etmegi ünde.
[7] Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,
[8] sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar.
[9] Gullara öz hojaýynlaryna her zatda tabyn bolmagy we olaryň göwnünden turmagy ünde. Olar hojaýynlara dil gaýtarmasynlar,
[10] zat ogurlamasynlar, gaýtam her zatda örän wepaly bolsunlar. Şeýdip, olar Halasgärimiz Hudaýyň taglymatynyň her jähtden ajaýypdygyny tassyklarlar.
[11] Çünki Hudaýyň hemmeleri halas edýän merhemeti äşgär boldy.
[12] Bu merhemet bize hudaýsyzlygy we dünýewi höwesleri ret etmegi öwredýär, bu döwürde özümize erk etmegi, dogry ýaşamagy, Hudaýyň ýörelgesine eýermegi ündeýär.
[13] Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesih iň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.
[14] Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.
[15] Hawa, bularyň baryny öwret. Doly ygtyýar bilen öwüt-ündew ber, günä edýänleri paş et. Goý, hiç kim seni äsgermezlik etmesin.