Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:03

[1] Soňra men gökden inip gelýän bir perişdäni gördüm. Onuň elinde dowzahyň açary bilen uly bir zynjyr bardy.

[2] Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.

[3] Perişde ony dowzaha taşlady-da, gulplap, üstünden möhürledi. Ol muny müň ýyl dolýança, aždarha gaýdyp milletleri aldamasyn diýip etdi. Müň ýyldan soň ol az wagtlyk boşadylmalydyr.

[4] Onsoň men tagtlary, olaryň üstünde oturanlary gördüm. Olara kazylyk etmeklik ygtyýary berildi. Mundan başga-da, men Isa we Hudaýyň Hoş Habary hakda şaýatlyk edenleri üçin başlary kesilenleriň janlaryny gördüm. Olar jandara we onuň butuna sežde etmändiler, maňlaýyna ýa-da ellerine onuň tagmasyny basdyrmandylar. Olar direlip, Mesih bilen müň ýyl şalyk sürdüler.

[5] Bu ilkinji direlişdir. Beýleki ölüler bolsa müň ýyl geçýänçä direlmedi.

[6] Ilkinji direlişde paýy bolan bagtly we mukaddesdir! Ikinji ölüm olara öz hökümini ýöredip bilmez. Olar Hudaýyň we Mesih iň ruhanylary bolup, Onuň bilen müň ýyl şalyk sürerler.

[7] Müň ýyl dolandan soň, şeýtan tussagdan boşadylar.

[8] Ol çykyp, ýeriň dört künjegindäki halklary, ýagny gog-‑magoglary aldap, olary söweşe toplar. Toplananlaryň sany deňiz kenaryndaky çäge kimindir.

[9] Olar ýer ýüzüni gurşap aldylar, Hudaýyň halkynyň düşelgesini, Onuň söýgüli şäherini gabadylar. Emma gökden inen ot olary ýakyp kül etdi.

[10] Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-‑gündiz ebedilik ejir çekerler.

[11] Soňra men uly ak tagt we onuň üstünde Oturany gördüm. Ýer, gök Onuň huzuryndan ýitip gitdi, olary soňra tapyp-da bolmady.

[12] Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.

[13] Deňiz özündäki ölüleri berdi. Ölüm we ölüler dünýäsi-de özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine eden işlerine görä kazylyk edildi.

[14] Onsoň ölüm we ölüler dünýäsi ýanyp duran köle zyňyldy. Ine, bu otly köl ikinji ölümdir.

[15] Atlary ýaşaýyş kitabyna ýazylmadyklaryň ählisi ýanyp duran köle zyňyldy.

Aýanlyk — Chapters