[1] «Efesdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ýedi ýyldyzy sag elinde Saklaýan, ýedi altyn çyradanyň arasynda Gezýän şeýle diýýär:
[2] „Men seniň ähli edenleriňi, şol sanda zähmet çekendigiňi, gaýratlydygyňy bilýärin. Seniň ýaman adamlary ýigrenýändigiňi hem bilýärin. Sen özlerini resul saýýanlary synap, olaryň ýalan resuldyklaryny äşgär etdiň.
[3] Sen gaýratlysyň, Meniň ugrumda köp muşakgatlara çydadyň, ruhdan düşmediň.
[4] Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen Meni ilkibaşda söýşüň ýaly söýmeýärsiň.
[5] Şonuň üçin, haýsy belentlikden ýykylanyňy ýadyňa sal! Toba et-de, ilkibaşda eden işleriňi amal et! Eger toba gelmeseň, ýanyňa baryp, çyradanyňy ýerinden aýraryn.
[6] Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin.
[7] Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelene Hudaýyň jennetdäki ýaşaýyş daragtynyň miwesinden iýmäge rugsat ederin“».
[8] «Izmirdäki ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Ölen we Direlen, Ilkinji we Ahyrky şeýle diýýär:
[9] „Men seniň muşakgatlaryňy we garyplygyňy bilýärin, aslynda welin sen baýsyň! Men özlerini ýahudy saýýanlaryň saňa dil ýetirýändiklerini hem bilýärin. Ýöne olar ýahudylar däl-de, şeýtanyň üýşmeleňidir.
[10] Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
[11] Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün gelen ikinji ölümiň jebirlerine duçar bolmaz“».
[12] «Pergamondaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Iki ýüzli kesgir gylyjy Bolan şeýle diýýär:
[13] „Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.
[14] Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.
[15] Şeýle-de, araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar.
[16] Toba et! Ýogsa tizara ýanyňa baryp, agzymdaky gylyç bilen olara garşy urşaryn.
[17] Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin! Ýamanlykdan üstün çykana ýaşyryn saklanan mannadan bererin. Mundan başga-da, oňa ýüzüne täze at ýazylgy bir ak daş bererin. Bu ady daşy aljak adamdan başga hiç kim bilmez“».
[18] «Tiýatiradaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly şeýle diýýär:
[19] „Men seniň ähli edenleriňi, söýgiňi, imanyňy, hyzmatyňy we gaýratyňy bilýärin. Seniň häzirki edýänleriňiň ozalkylardan köpdügini hem bilýärin.
[20] Emma sende oňlamaýan bir zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp, olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek bolýar.
[21] Men oňa toba etmäge wagt berdim, ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok.
[22] Şonuň üçin-de, Men ony hassalyk düşeginde ýatyraryn. Bu aýal bilen zyna edenlere-de, onuň azgynlygyndan ýüz öwürmeseler, jebir-jepa çekdirerin.
[23] Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.
[24] -
[25] Emma size, ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglymatyna eýermedikleriň we ‘şeýtanyň syrlary’ diýilýänleri bilmeýänleriň baryna şuny aýdýaryn: eger imanyňyzy Men gelýänçäm saklasaňyz, siziň üstüňize başga zat ýüklemerin.
[26] -
[28] Atamyň Maňa ygtyýar berşi ýaly, Men hem ýamanlykdan üstün çykana, Meniň yradamy ahyra çenli berjaý edene milletleriň üstünden ygtyýar bererin. Ol milletleri demir hasasy bilen dolandyrar; olary küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak eder. Men oňa daň ýyldyzyny hem bererin.
[29] Gulagy bar adam Mukaddes Ruhuň ýygnaklara näme diýýänini eşitsin!“»