[1] Sanballat, Tobyýa, Geşem arap we beýleki duşmanlarymyz meniň diwary gurup gutardandygymy, onda ýekeje gädigiň hem galmandygyny (derwezeler entek ýerine oturdylmadyk hem bolsa) eşidenlerinde, Sanballat bilen Geşem meniň ýanyma adam iberip: «Gel, Ono düzlügindäki bir obada duşuşaly» diýdiler. Olar maňa kast etmegi ýüreklerine düwüpdiler.
[3] Men hem olara çapar ýollap: «Men bu wagt gaty wajyp iş bilen meşgul, şonuň üçin baryp biljek däl. Onsoňam men siziň ýanyňyza baryp gelýänçäm, näme iş dursunmy?» diýdim.
[4] Şeýle habar bilen olar meniň ýanyma dört gezek çapar ýolladylar. Men hem olary her gezek şol bir jogap bilen gaýtardym.
[5] Bäşinji gezek Sanballat öz hyzmatkäriniň eline açyk hat berip, ony meniň ýanyma iberdi.
[6] Ol hatda şeýle ýazylandy: «Milletler arasynda şeýle gürrüň bar, muny Geşem hem tassyklaýar. Sen we ýahudylar pitne turuzjak bolýarmyşyňyz. Diwary-da şonuň üçin gurup ýörmüşiňiz. Aýdyşlaryna görä, sen olara patyşa bolmalymyşyň.
[7] „Ýahudanyň patyşasy bar“ diýip, özüň hakda Iýerusalimde wagyz etdirmek üçin pygamberler hem belläpsiň. Aýdyşlaryna görä, bu zatlaryň hemmesini patyşa habar berjekmişler. Şonuň üçinem, gel, bile maslahat edeli».
[8] Onsoň men onuň ýanyna adam iberip: «Seniň bu diýýän zatlaryň hiç biri-de edilenok. Bularyň ählisi seniň öz toslamaň» diýdim.
[9] Çünki olaryň hemmesi bizi gorkuzmak isleýärdiler we: «Elleri işden sowap, iş togtar» diýip pikir edýärdiler. Şonuň üçinem men işi dowam etmek üçin Hudaýdan güýç-kuwwat diledim.
[10] Onsoň men öýünden çykman oturan Meheýtabeliň agtygy, Delaýanyň ogly Şemagýanyň öýüne geldim. Ol maňa: «Gel, ikimiz Hudaýyň öýünde, içki otagda duşuşaly. Içki otagyň gapylarynam ýapaly, çünki olar seni öldürmäge gelerler. Olar hökman şu gije seni öldürmäge gelerler» diýdi.
[11] Emma men: «Meniň ýaly adam gaçarmy? Heý-de meniň ýaly adam diri galmak üçin içki otagda gizlenermi? Ýok, men içki otaga girjek däl!» diýdim.
[12] Şemagýany Hudaýyň ibermändigine göz ýetirdim. Ol hamala bir pygamber hökmünde maňa şu zatlary diýdi, sebäbi Tobyýa bilen Sanballat ony hakyna tutupdylar.
[13] Ol meni gorkuzyp, meniň şeýle hereket edip, günä gazanmagyma itergi bermek maksady bilen hakyna tutulypdy. Men şeýle edäýen bolsam, olar meni biabraý edip kemsidip biljekdiler.
[14] Eý, Hudaýym, Tobyýa bilen Sanballatyň bu eden işlerini unutma, şeýle hem, pygamber aýal Nogadýa bilen meni gorkuzmak islän beýleki pygamberleriň edenlerini hem unutma!
[15] Elli iki günden soň, Elul aýynyň ýigrimi bäşi güni diwar gurluşygy tamamlandy.
[16] Biziň duşmanlarymyzyň we töweregimizdäki milletleriň ählisi muny eşidenlerinde, gaty gorkup, muny özlerine kemlik bildiler. Sebäbi olar bu işiň Hudaýymyzyň kömegi bilen edilendigine göz ýetirdiler.
[17] Mundan başga-da, şol günler Ýahudanyň begleri Tobyýa köp hat ýolladylar. Tobyýanyň hatlary hem olara geldi.
[18] Ýahudada köp adam Tobyýa bilen kasam edişipdi, çünki Tobyýa Aranyň ogly Şekanýanyň giýewsidi. Onuň ogly Ýehohanan hem Berekýanyň ogly Meşullamyň gyzyna öýlenipdi.
[19] Şeýle hem olar meniň ýanymda onuň ýagşy işleri hakda gürrüň etdiler. Meniň diýýän sözlerimi hem oňa ýetirdiler. Tobyýa-da meni gorkuzjak bolup, maňa hatlar ýollady.