[1] Sanballat biziň diwary örüp ýörenimizi eşidende, gaty gaharlandy. Ol gazap donuny geýip, ýahudylaryň üstünden gülmäge başlady.
[2] Sanballat öz ýaranlarynyň we Samariýa goşunynyň öňünde şeýle diýdi: «Bu bolgusyz ýahudylar näme edip ýörler? Olar hemme zady täzeden guraýjaklarmyka? Ýa-da gurbanlyk berjekmikäler? Olar işi bir günüň içinde tamamlarys öýdýärmikäler? Olar zir-zibil üýşmeginden alnan we ýanan daşlardan diwar galdyraýjaklarmyka?»
[3] Onuň ýanyndaky ammonly Tobyýa şeýle diýdi: «Olaryň gurýan daş diwarynyň üstüne tilki münse-de ýykylar!»
[4] Eý, Hudaýymyz, olaryň bizi nähili masgaralaýandyklaryny eşit! Bize atýan myjabatlaryny öz başlaryndan inderip, olary ýat ülkede, ýesirlikde talaňa ber!
[5] Olaryň ýazyklarynyň üstüni basyrma, günälerini nazaryňdan sypdyrma, çünki olar biziň – gurluşykçylaryň göwnüne degdiler.
[6] Muňa garamazdan biz diwary täzeden gurduk; tutuş diwar birikdirilip, onuň beýikligi ýarysyna ýetirildi, çünki halk işlemegi ýüregine düwdi.
[7] Emma Sanballatdyr Tobyýa, araplardyr ammonlar we aşdotlylar Iýerusalim diwarlarynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, diwar gädikleriniň bitirilip barýandygyny eşidenlerinde, gaty gaharlandylar.
[8] Onsoň olaryň hemmesi gelip, Iýerusalime garşy uruşmak we onda aljyraňňylyk döretmek üçin dil düwüşdiler.
[9] Onsoň biz öz Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz garawul goýduk.
[10] Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar güýçden gaçýar, ýykyk-ýumruklar bolsa gaty köp; şonuň üçinem biz diwary örüp bilmeris» diýişýärdiler.
[11] Duşmanlarymyz hem: «Üstlerine baranymyzy duýmankalar, biz olary öldürip, işi togtadarys» diýýärmişler.
[12] Olaryň ýanynda ýaşaýan ýahudylar gelip, bize: «Duşmanlarymyz çar tarapdan bize hüjüm etjekler» diýip, gaýta-gaýta aýtdylar.
[13] Şonuň üçin men diwaryň pes ýerleriniň aňyrsyndaky açyk meýdanda halky uruglary boýunça, gylyçlary, naýzalary we ýaýlary bilen duruzdym.
[14] Onsoň men beglere, baştutanlara we beýleki duranlara birlaý göz aýlap, şeýle diýdim: «Olardan gorkmaň! Beýik we haýbatly Rebbi ýatlaň! Garyndaşlaryňyz, ogullaryňyz, gyzlaryňyz, aýallaryňyz we öýleriňiz üçin söweşiň!»
[15] Duşmanlarymyz olaryň niýetleriniň bize aýandygyny we Hudaýyň olaryň niýetlerini başa bardyrmanlygyny eşidenlerinde, biziň hemmämiz diwar gurmaga, herimiz öz işli-işimize gaýdyp bardyk.
[16] -
[17] Şol günden başlap, meniň adamlarymyň ýarysy diwar gurluşygynda işledi; beýleki ýarysy-da naýzalary, galkanlary, ýaýlary we sowutlary bilen goragda durdular. Baştutanlar hem diwar gurýan ýahudalary göz astynda sakladylar. Ýük daşaýanlar bir elleri bilen işläp, beýleki ellerinde ýarag tutdular.
[18] Gurluşykçylaryň hemmesiniň işleýärkäler-de billeri gylyçlydy. Surnaýçy bolsa meniň ýanymda durdy.
[19] Men beglere, baştutanlara we halkyň galanyna: «Iş köp we onuň gerimi giň, diwaryň üstünde biz dagynyk we biri-birimizden uzak.
[20] Şonuň üçin siz surnaý sesini eşiden badyňyza biziň ýanymyza ýygnanyşyň. Hudaýymyz biziň üçin söweşer» diýdim.
[21] Şeýdip, biz her gün daň atandan Gün batýança işledik, adamlaryň ýarysy naýzalar göterdi.
[22] Şol wagt men ýene-de halka ýüzlenip: «Gije bizi gorap, gündizem işlär ýaly, goý, her kim öz hyzmatkäri bilen Iýerusalimde gije ýatymlyk galsyn» diýdim.
[23] Şeýdip, ne men, ne garyndaşlarym, ne hyzmatkärlerim, ne-de yzymdaky janpenalarym – hiç birimiz eşigimizi çykarmadyk. Ýaraglarymyz hem sag elimizdedi.