[1] Ýa Reb, biziň başymyza gelenini ýatla. Seret-de, biziň masgaraçylygymyzy gör!
[2] Mirasymyz kesekilere, öýlerimiz gelmişeklere galdy.
[3] Biz atasyz ýetim galdyk, ejelerimiz bolsa dul galdy.
[4] Suwumyzy pul töläp içdik, odunymyzy-da satyn aldyk.
[5] Bizi boýuntyryk dakyp kowaladylar, tapdan düşdük, dynçlyk bermeýärler.
[6] Doýa-garna çörek iýmek üçin Müsüre we Aşura elimizi serdik.
[7] Ata-babalarymyz günä etdiler; indi olar ýok, emma olaryň jezasyny biz çekýäris.
[8] Üstümizden gullar höküm sürýär, olaryň elinden bizi halas edýän ýok.
[9] Çöldäki garakçynyň gylyjy zerarly nanymyzy janymyzdan geçip gazanýas.
[10] Ýakyp barýan açlygyň derdinden derimiz ýanýan köz kimin gyzardy.
[11] Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň, Sionda gelinleriň namysyna degildi.
[12] Ýolbaşçylaryny ellerinden asdylar, baştutanlaryna hormat goýmadylar.
[13] Ýigitler degirmen daşyny aýlaýarlar, olar odun ýüküň astynda ýegşerýärler.
[14] Garrylar şäher derwezesinde oturmaýarlar, ýaş ýigitler saz gurallaryny çalmaýarlar.
[15] Ýüreklerimiziň şatlygy kesildi, tanslarymyz indi ýasa öwrüldi.
[16] Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik.
[17] Munuň üçin ýüregimiz agyrdy, gözlerimiz küteldi.
[18] Çünki Sion dagy weýran bolup, şagallar sümsünişip ýör üstünde.
[19] Ýöne Sen, ýa Reb, ebedi höküm sürersiň, Seniň tagtyň nesilden-nesle dowam eder.
[20] Neçün Sen bizi ebedilik unudýarsyň? Neçün bizi uzak wagtlap terk edýärsiň?
[21] -
[22] Bize çäksiz gaharlanyp, bütinleý ret etmedik bolsaň, bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris, bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!