Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:51

[1] Hudaýyň gazap taýagyndan hasrat çeken adam men.

[2] Ol meni idip, yşyksyz tüm garaňkylyga getirdi.

[3] Ol bütin gün gaýta-gaýta garşyma elini galdyrdy. Bet

[4] Etimi, hamymy çüýretdi, süňklerimi döwüp taşlady.

[5] Üstüme çozup, daşymy gabady, başyma hasrat hem dert saldy.

[6] Bireýýäm ölenler kimin meni garaňkylykda ýaşatdy. Gimel

[7] Gaçmaz ýaly daşyma diwar aýlady, boýnuma agyr zynjyrlar saldy.

[8] Perýat edip, kömege çagyranymda, Ol dilegime gulak salmady.

[9] Ýonma daşlar bilen ýolumy ýapdy, ýodalarymy egreltdi. Dalet

[10] Hudaý meni peýleýän aýydyr, bukuda ýatan arslandyr.

[11] Ýolumdan azaşdyryp parçalady, halys sandan çykardy.

[12] Ol ýaýyny çekdi, meni okuna nyşan edindi. He

[13] Sagdagyndaky oklary atyp, bagrymy deşdi.

[14] Men ähli halkyma gülki boldum, günuzyn olaryň aýdymy boldum.

[15] Ol meni hasratdan doýrup, ýowşanyň ajy suwuny içirdi. Waw

[16] Çagyl bilen dişlerimi owratdy, kül içinde depip, dyza çökdürdi.

[17] Meniň janym rahatlygy unutdy, şatlygyň nämedigi ýatdan çykdy.

[18] Özüme diýdim: «Jandan el üzdüm, Rebbe bolan ähli umydym öçdi». Zaýin

[19] Hasratymdyr sergezdanlygym hakda oýlansam, ajy ýowşan bilen zäher-zakgun içen ýalydyr!

[20] Janym muny dyngysyz ýatlaýar, şonuň üçin ýüregim paralanýar.

[21] Emma şuny ýatda saklaýan, şonda ýene-de umyt döreýär: Ḥet

[22] Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.

[23] Her säher bular täzelenýär, Seniň wepadarlygyň beýikdir!

[24] Janym diýýär: «Reb meniň paýymdyr. Şoňa görä Oňa intizardyryn». Ṭet

[25] Reb Özüne bil baglaýanlara, Özüni ýürekden agtarýanlara ýagşydyr.

[26] Rebbiň halas edişine ümsüm garaşmak gowudyr.

[27] Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr. Ýod

[28] Ynsan dymyp, ýalňyz otursyn, çünki boýuntyrygy dakan Rebdir.

[29] Ýere ýüzin ýykylsyn, belki, umyt bardyr.

[30] Özüni urana ýaňagyny tutsun, masgaralanmakdan doly bolsun. Kaf

[31] Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez.

[32] Ol birine hasrat çekdirse-de, bol merhemetine görä rehim-de eder.

[33] Hasrat berip, gaýga batyrsa-da, bulary Ol ýürekden etmez. Lamed

[34] Ýurduň ähli ýesirleri aýak astynda depelenende,

[35] Beýik Hudaýyň huzurynda ynsan hukuklary kemsidilende,

[36] dawada birine adalatsyzlyk edilen wagty, Taňry olary görýän dälmidir? Mem

[37] Bulary Taňrynyň Özi buýurmasa, kim buýruk berip ýerine ýetirderdi?

[38] Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?

[39] Öz günäleri üçin jezasyn alsa, diri galan adam näme üçin zeýrensin? Nun

[40] Geliň, ýollarymyzy synap göreliň, täzeden Rebbe gaýdyp baralyň.

[41] Geliň, gökdäki Hudaýa elimizi-de, ýüregimizi-de açalyň.

[42] Biz günä edip baş galdyrdyk, Sen bizi bagyşlamadyň. Sameh

[43] Kowaladyň bizi gazap bilen, rehimsizlik bilen öldürdiň.

[44] Özüňi buluda bürediň, dilegler eşidilmesin diýip.

[45] Bizi milletler arasynda syr-süplüge, zir-zibile öwürdiň. Pe

[46] Ähli duşmanlarymyz bizi ýaňsyladylar.

[47] Üstümize howp we hile, harabaçylyk we weýrançylyk abandy.

[48] Eziz halkymyň heläkçiliginden ýaňa gözýaşlarym sil bolup akýar. Ğaýin

[49] -

[50] Reb gökden aşak nazar salýança, gözýaşlarym hiç tükenmez, asla kepemez.

[51] Şäherimdäki gyzlaryň halyna ýüregim gyýym-gyýymdyr. Tsadi

[52] Maňa nähak duşman bolanlar meni guş kimin awlap tutdular.

[53] Diriligime çukura taşlap, üstümden daş okladylar.

[54] Suwlar depämden aşdy, «Men heläk boldum» diýdim. Ķof

[55] Çukuryň düýbünden Seni çagyrdym, ýa Reb.

[56] «Gulagyňy dykma, perýadyma gulak goý» diýen sözlerimi eşitdiň.

[57] Seni çagyranymda, ýanyma gelip: «Gorkma!» diýdiň. Reş

[58] Eý, Taňry, janymy gutaran Sensiň, ömrümi halas eden Sensiň.

[59] Ýa Reb, maňa edilen adalatsyzlygy gördüň, meniň hakymy alyp ber.

[60] Menden nähili öç alyşlaryny gördüň, garşyma guran dildüwşüklerini bildiň. Şin

[61] Ýa Reb, olaryň masgaralaýşyny eşitdiň, garşyma guran dildüwşüklerini gördüň.

[62] Duşmanlarymyň bütin gün meniň garşyma edýän hyşy-wyşylaryny we hüňürdilerini eşitdiň.

[63] Ertirden agşama çenli men olaryň ýaňsy aýdymy boldum. Taw

[64] Olaryň elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekdir, ýa Reb!

[65] Ýüreklerine howsala sal. Goý, näletiň olaryň üstünden insin!

[66] Gazap bilen kowalap, gökleriň astyndan olary ýok et, ýa Reb!

Ýermeýanyň agysy — Chapters